Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde osmotik basyş tapawudyndan peýdalanyp elektrik energiýasyny öndürýän desga işe girizildi. Şeýlelikde, bu beket gaýtadan dikeldilýän energiýanyň täze görnüşi hasaplanýan bu usul arkaly energiýa öndürýän ikinji desga boldy. Bu tehnologiýada süýji we şor suwuň garylmagy netijesinde emele gelýän energiýa ulanylýar. Desganyň ýyllyk önümçilik kuwwatynyň 880 müň kilowat/sagatdygy mälim edildi. Bu möçber 220 öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýetýär. Emma bu ýerde öndürilýän elektrik energiýasy şäherdäki suw arassalaýjy desgada ulanylýar.
Osmos ýarymgeçiriji gatlak arkaly pes dykyzlykdaky suwdan has dykyz suwa geçiş diýmegi aňladýar. Süýji suw gatlagyň şor suw guýlan beýleki tarapyna geçende basyş emele getirýär. Bu basyş bolsa turbinany aýlap, elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle tehnologiýaly desga ilkinji gezek 2023-nji ýylda Daniýanyň Mariager şäherinde gurlupdy. Bu tehnologiýa Norwegiýa we Koreýa Respublikasynda hem synagdan geçirilýär.
Bilermenler bu usulyň ýel we Gün beketlerinde bolşy ýaly tebigy şertlere garaşly däldigini, islendik wagtda elektrik energiýasyny öndürip bilmegi bilen tapawutlanýandygyny belleýärler.
Orazbibi BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.