Tomus ýylyň iň yssy pasly hasaplanýar. Adatça öýleri salkyn saklamak üçin serginlediji işledilýär ýa-da gijelerine penjireler açylyp goýulýar. Şeýle ýagdaýda içerik tozan bölejikleri girip bilýär. Munuň öňüni almak üçin penjiräni açyp, perdäni ýapyp goýmak maslahat berilýär. Möwsüm başlamazdan öň serginledijileriň hem degişli hünärmenlere arassaladylmagy unudylmaly däldir. Arassaçylyk işleri ir bilen ýerine ýetirilse has gowy bolar. Sebäbi yssyda işlenende adam has köp ýadaýar. Şeýle hem ir bilen ýuwlan zatlar günüň dowamynda yssy howada has çalt gurar. Öýler arassalanandan soňra, ýuwlan zatlaryň guramagy we otaglaryň ýelejiredilmegi üçin penjireler açylyp goýulmaly. Yssy howada bakteriýalaryň has çalt köpelýändigini nazarda tutup, aşhana has ünsli arassalanmalydyr. Sowadyjynyň içi doly boşadylyp, mazaly arassalanmaly.
Seýdi TAÝLYÝEW,
Görogly etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň lukman-epidemiology.