ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “C” toparçada Argentinanyň wekili “Boka Huniors” bilen Portugaliýanyň “Benfika” topary duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. “Boka Huniors” topary Merentiel (21) hem-de Battalianyň (27) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne portugal kluby hem ruhdan düşmän duşuşyk tamamlanmazdan öň argentinaly futbolçylarynyň gollary bilen hasaby deňlemegi başardy. 45+3-nji minutda penaltini dürs uran Anhel Di Mariýa bilen 84-nji minutda tapawutlanan Nikolas Otamendi hasaby deňlän oýunçylar boldy. Dartgyny az bolmadyk oýunda “Boka Huniorsdan” Ander Herrera oýundan çykanyndan soň 45-nji minutda hem-de Nikolas Figal, “Benfikadan” bolsa Andrea Belotti 70-nji minutda gyzyl kart aldy.

“D” toparçada “Çelsi” topary Meksikanyň “Leon” toparynyň ornuna ýaryşa goşulan ABŞ-nyň “Los Anjeles FK” toparyndan Pedro Neto (34) hem-de Enzo Fernandesiň (79) gollary bilen 2-0 hasabynda üstün çykdy. Toparçadaky beýleki duşuşyk hem şol hasap bilen tamamlanyp, Braziliýanyň “Flamengo” topary “Esperans de Tunis” toparyny De Arraskaetanyň (17) hem-de Luiz Arauhonyň (70) gollary bilen utmagy başardy.