Argentinada tango boýunça dünýä çempionaty tamamlanyp, garaşylyşy ýaly, bu bäsleşikde tansyň dörän ýurdunyň wekilleri ýeňiji boldy.
“Salon Tango” boýunça bäsleşikde Jesika Arfenoni we Maksimiliano Kristiani ýeňiji boldy, “Stage Tango” boýunça bäsleşikde bolsa, Gwido Palasios we Florensiýa Castilla üstünliklerini baýram etdiler.
“The Daily Maill” portalynyň habaryna görä, bu ýaryşa dünýäniň 37 ýurdundan 500-den gowrak jübüt gatnaşdy. Ýeňijileriň her biri 4 müň 500 funt sterling, şeýle-de indiki çykyş etmeli ýeri Pariže petek aldylar.