11-nji fewralda «Arkadag» futbol topary belli futbolçy Kriştiano Ronaldonyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary duşuşar. Janköýerler Aşgabatda geçiriljek bu taryhy duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Sport çäresine taýýarlygyň çäklerinde «Nusay» haryt nyşany astynda ýörite sport köýnekçeleri öndürilip başlandy. Janköýerler öň tarapynda toparyň ady, arka tarapynda ýylyň şygary – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýazgy bolan köýnekçeleri «Nusay» dükanlaryndan hem-de «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinden satyn alyp bilerler. Şeýle hem müşderiler harytlaryň giň görnüşini «Nusay-shop» internet dükanyndan sargyt edip bilerler.