AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynyň täze möwsüminiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Ýurdumyzdan 2 topar – “Arkadag” hem-de “Ahal” klublarynyň wekilçilik edýän ýaryşynda 32 topar 8 toparçada güýç synanyşar. Günbatar hem-de Gündogar sebitleriniň hersinde 4 toparça bar.
Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary “B” toparçada, “Ahal” bolsa “C” toparçada çykyş eder. “Arkadag” topary “B” toparçada Kataryň “Al Ahli”, Özbegistanyň “Andijon” gem-de Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparlary bilen bije çekişdi. “C” toparçaky “Ahal” toparynyň bijesine-de Eýranyň “Sepahan”, Iordaniýanyň “Al-Hussein” hem-de Hindistanyň “Mohun Bagan” toparlary düşdi.
Portugaliýaly ýyldyz oýunçy Kristiano Ronaldonyň, şol sanda Žoao Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman ýaly meşhur futblolçylaryň çykyş edýän kluby “Al-Nassr” topary “D” toparçada Yragyň “Al-Zawraa”, Täjigistanyň “Istiklol” hem-de Hindistanyň Goa toparlary bilen güýç synanyşar.
Ýaryşa Tailanddan 3, Türkmenistandan, Eýrandan, Hindistandan, Bahreýnden, Iordaniýadan, Wýetnamdan, Singapurdan, Gonkongdan 2 klub gatnaşýar. Tailandyň Bangkok Ýunaýted hem-de Eýranyň Sepahan toparlary AFK Çempionlar Ligasy Elite ýaryşynyň saýlama tapgyryny geçip bilmän, bu ýaryşa goşuldylar.
Her toparçada öňdäki 2 orny eýelän klublar ýaryşy dowam eder. Duşuşyklar 16-njy sentýabrda başlap, 24-njy dekabrda tamamlanar.
“A” TOPARÇA:
“Al Wasl” (BAE), “Esteglal” (Eýran), “Al-Muharrak” (Bahreýn), “Al-Wehdat “(Iordaniýa)
“B” TOPARÇA:
“Al Ahli” (Katar), “Andijon” (Özbegistan), “Arkadag” (Türkmenistan), “Al-Haldiýa” (Bahreýn)
“C” TOPARÇA:
“Sepahan” (Eýran), “Al-Hussein” (Iordaniýa), “Mohun Bagan” (Hindistan), “Ahal” (Türkmenistan)
“D” TOPARÇA:
“Al-Nassr” (S. Arabystany), “Al-Zawraa (Yrak), “Istiklol” (Täjigistan), “Goa” (Hindistan)
“E” TOPARÇA:
“Beýszin Goan” (Hytaý), “Makartur” (Awstraliýa), “Tai Po” (Gonkong), “Kong An Ha Noi” (Wýetnam)
“F” TOPARÇA:
“Gamba Osaka” (Ýaponiýa), “Nam Din” (Wýetnam), “Ratçaburi (Kamboja), “Istern” (Gonkong)
“G” TOPARÇA:
“Bangkok Ýunaýted” (Tailand), “Selangor” (Malaýziýa), “Laýon Siti Seýlors” (Singapur), “Persib” (Indoneziýa)
“H” TOPARÇA:
“Phohan Stilers” (Koreýa Resp.), “BG Patum Ýunaýted” (Tailand), “Kaýa – Iloilo” (Filippinler), “Tampine Rowers” (Singapur)