11-nji okt­ýabr­da Kö­pet­da­gyň aja­ýyp te­bi­gy kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Ar­ka­dag şä­he­rin­de V We­na ba­ly we «Gal­ky­nyş» türk­men-awst­ri­ýa sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň kon­ser­ti ge­çi­ril­di.
Bu çä­re ýur­du­my­zyň me­de­ni dur­mu­şy­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýyp, Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dost­luk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk köp­rü­si­ne öw­rül­di.
V We­na ba­ly­na we «Gal­ky­nyş» sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň kon­ser­ti­ne gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na Awst­ri­ýa­dan myh­man­lar gel­di­ler, olar üçin me­de­ni mak­sat­na­ma taý­ýar­la­nyl­dy. Şol mak­sat­na­ma paý­tag­ty­myz­da ýer­le­şen Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­ne ba­ryp gör­me­gi özün­de jem­le­ýär. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň we­kil­le­ri­ne se­bit­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Ar­ka­dag şä­he­ri bi­len ta­nyş­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­dil­di. Awst­ri­ýa­ly myh­man­lar bi­na­gär­lik we be­zeg ul­ga­my­nyň hä­zir­ki za­man ösüş­le­ri mil­li bi­na­gär­li­giň, be­zeg se­riş­de­le­ri­niň däp­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan tä­ze şä­he­riň gö­zel­li­gi­ne haý­ran gal­ýan­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.
Ag­şam «Ar­ka­dag Bi­na­sy­nyň» öňün­dä­ki meý­dan­ça­da V We­na ba­ly we «Gal­ky­nyş» türk­men-awst­ri­ýa sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň kon­ser­ti bol­dy. Bu dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň Ar­ka­dag şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şeý­le çä­re­ler ozal Aş­ga­bat­da gu­ral­ýar­dy.
Aý­dym-saz ag­şa­my ýur­du­my­zyň gör­nük­li aý­dym­çy­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň, Döw­let ho­ru­nyň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de “Ar­ka­dag şä­he­ri — bag­tyň şä­he­ri” at­ly aý­dym bi­len açyl­dy.
Soň­ra awst­ri­ýa­ly kom­po­zi­tor we di­riž­ýor Karl Mi­ha­el Si­re­riň “Po­lo­nez” sa­zy ýaň­lan­dy. Ony «Gal­ky­nyş» sim­fo­ni­ki or­kest­ri we bir­le­şen tans to­par­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Berk ber­jaý edil­ýän düz­gü­ne la­ýyk­lyk­da, We­na ba­ly­nyň res­mi taý­dan açy­lyş da­ba­ra­sy 25 sa­ny tans­çy jü­bü­tiň sah­na çyk­ma­gyn­dan baş­lan­ýar. Oňa gat­na­şy­jy­la­ryň ly­bas­la­ry — er­kek adam­la­ryň dä­be öw­rü­len ga­ra-ak reňk­li frak­la­ry ba­la ge­ýil­ýän köý­nek­ler bi­len ut­ga­şyp, wa­ka mah­sus bo­lan aý­ra­tyn da­ba­ra­ly ýag­da­ýy ala­mat­lan­dyr­ýar. Gül­le­riň aja­ýyp çe­me­ni onuň hök­ma­ny bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
Ag­şa­myň do­wa­myn­da «Ar­ka­dag Bi­na­sy­nyň» öňün­dä­ki meý­dan­ça ýyg­na­nan to­ma­şa­çy­lar Io­gann Ştrau­syň, Frans Le­ga­ryň, Lýud­wig Min­ku­syň, Da­ňa­tar Öwe­zo­wyň, Ça­ry Nu­ry­mo­wyň we beý­le­ki kom­po­zi­tor­la­ryň aja­ýyp saz­la­ryn­dan, gör­nük­li türk­men we awst­ri­ýa­ly aý­dym­çy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­dan lez­zet al­dy­lar.
Ze­hin­li aý­dym­çy­lar Re­gi­ne Hang­ler we Le­went Gün­düz aý­dym-saz baý­ram­çy­ly­gy­nyň şat­ly­gy­ny türk­me­nis­tan­ly­lar bi­len paý­laş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di­ler. Ba­la ça­gy­ry­lan myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da tans­çy­lar jü­bü­di — Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan tans­çy­lar Di­mi­tar Ste­fa­nin we Iri­na Gras­ser hem bar. Ola­ryň gör­ke­zen çy­kyş­la­ry-da şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­nyl­dy.
Aý­dym-saz ag­şa­my­na gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da Döw­let tans to­pa­ry, “Ser­paý”, “Gal­ky­nyş”, “La­çyn”, “Näz­li”, «Aş­ga­bat» dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry, Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­niň we ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­nyň tans to­par­la­ry, Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň «Mi­ras» folk­lor to­pa­ry, Bir­le­şen ça­ga­lar ho­ry, “Mu­kam” ýaş skrip­ka­çy­lar to­pa­ry, “Ru­hu­be­lent ça­ga­lar”, «Şow­hun», «Şat­lyk», «Meň­li», «Aý­jan», «Gy­zyl gül­ja­gaz» ça­ga­lar tans to­par­la­ry we beý­le­ki­ler bar.
Dost­lu­gyň we dö­re­di­ji­li­giň baý­ra­my ar­tist­le­riň hem­me­si­niň bi­le­lik­de joş­gun­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de “Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­dar­ly Wa­tan” at­ly wa­tan­çy­lyk aý­dy­my bi­len ta­mam­lan­dy.