AFK-nyň Çagyryş Ligasynda çykyş edýän ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary ýarym finala çykdy. Arkadag şäherindäki “Arkadag” stadionynda oýnalan çärýek finalyň jogap duşuşygynda ildeşlerimiz 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji duşuşykda ildeşlerimiz 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Bu stadiondaky ilkinji halkara duşuşyga myhmanlar gol bilen başlady. Eýýäm 1-nji minutda Messi Rafael Buri hasaby açdy. Oýnuň 33-nji minutynda myhmanlardan Lalçungnunga 2-nji sary kartdan soň, gyzyl kart aldy we meýdançadan çykaryldy.
2-nji ýaryma has erjel girişen “Arkadag” topary birnäçe amatly pursatlary döretdi. Ýöne oýnuň ahyrky minutlaryna çenli şol pursatlardan ýerlikli peýdalanmak başartmady. Duşuşygyň 89-njy minutynda Şanazar Tirkişowyň garşysyna jerime meýdançasynda içinde gödeklige ýol berildi we oýnuň liwanly emini Şeýh Ahmad Alaeddin ikirjiňlenmezden penalti urgusyny belledi. Ony-da 2-nji ýarymyň başynda oýna giren Altymyrat Annadurdyýew dürs urup, hasaby deňledi. Bu hasap “Arkadag” toparynyň ýaryşy dowam etdirmegi üçin ýeterlikdi. Ýöne 90+7-nji minutda garşylyklaýyn hüjümde ildeşlerimiz ýene bir gol, has takygy, ilkinji halkara duşuşygyň ýeňiş goluny geçirdi. Bu goly-da Yhlas Saparmämmedowyň ajaýyp pasyndan soň, Altymyrat Annadurdyýew öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Arkadag” topary bu duşuşykda 2-1, iki oýnuň netijesi boýunça-da 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, adyny ýarym finala ýazdyrdy. Ýarym finalda “Arkadag” topary Omanyň “Al-Sib” ýa-da BAE-niň “Al-Arabi” topary bilen duşuşar. 1-nji duşuşykda “Al-Arabi” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
Ýarym finalyň 1-nji duşuşygy 9-njy aprelde, jogap oýny 16-njy aprelde oýnalar.