Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat dün­ýä­niň iri sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy hem-de jem­gy­ýet­çi­lik mer­kez­­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­ri­ni gur­şap alan giň ge­rim­li şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň keş­bi düýp­gö­ter öz­ger­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat dün­ýä­niň iň owa­dan, ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Paý­tag­ty­my­zyň inf­rast­ruk­tu­ra­sy git­di­gi­çe kä­mil­leş­di­ril­ýär, ak mer­mer­li Aş­ga­bat Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da 11 ge­zek orun al­dy.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Azi­ýa­nyň mer­je­ni ha­sap­lan­ýan paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 140 ýyl­ly­gy­ny ulu­dan bel­läp ge­çe­ris. Bu şan­ly se­nä ga­bat­la­ny­lyp köp san­ly me­de­ni we dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, dür­li me­de­ni çä­re­le­ri, ser­gi­le­ri, mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýö­ri­te Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dö­re­dil­me­gi­niň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ry we çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça Hö­kü­met to­pa­ry dö­re­dil­di.
Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň şä­her­le­ri bi­len bäs­le­şip bil­jek paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň hem öz­bo­luş­ly ta­ry­hy bar. Hä­zir­ki döw­rüň köp san­ly iri me­ga­po­lis­le­ri ozal ki­çi­räk oba ýa-da ba­lyk­çy­lyk oba­sy bo­lup­dyr. Mu­ňa my­sal hök­mün­de Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri ozal ba­lyk­çy­la­ryň oba­sy bo­lup­dyr. Ýö­ne wag­tyň geç­me­gi bi­len ol dün­ýä­niň iri şä­her­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­dy.
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat hem 140 ýyl mun­dan ozal, ga­dym­dan otu­rym­ly, 800 çe­me­si ak öýi bo­lan ozal­ky As­ha­bat oba­sy­nyň ýe­rin­de dö­räp­dir. Il­ki ki­çi­räk oba gör­nü­şin­de bo­lup, on­çak­ly uly kö­çe­le­ri bol­ma­dyk Aş­ga­ba­dyň soň-soň­lar meý­da­ny gi­ňäp, dün­ýä­niň hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän şä­her­gur­lu­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na eýe bo­lup baş­la­ýar. Aş­ga­bat­da kem-kem­den söw­da-hyz­mat ul­ga­my dö­re­di­lip, ba­ryp 1885-nji ýyl­da il­kin­ji der­ma­n­ha­na­nyň peý­da bo­lan­dy­gy mä­lim edil­ýär.
Şol dö­wür­ler hem dün­ýä­niň esa­sy söw­da çat­ry­gyn­da ýer­le­şen paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat köp san­ly ker­wen­le­riň düş­le­ýän esa­sy mer­ke­zi bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hem paý­tag­ty­myz Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny bi­ri-bi­ri­ne bir­leş­dir­ýän esa­sy söw­da hem-de ulag-üs­ta­şyr köp­rü­si­ne öw­rül­di.
Ak şä­he­ri­miz di­ňe bir ak mer­mer­li bi­na­la­ry däl, eý­sem, hal­ky­my­zyň ägirt uly ru­hy gal­ky­ny­şy­ny, «aşyk­la­ryň şä­he­ri» di­ýen ada my­na­syp ýö­rel­ge­le­ri özün­de bir­leş­dir­ýär. Bu gün Aş­ga­bat saz­la­şyk­ly, döw­re­bap ös­ýän şä­he­r de­re­je­si­ni özün­de jem­le­ýär. Öň­de­ba­ry­jy bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki çöz­güt­ler bi­len mil­li bi­na­gär­lik ugur­la­ry­ny ut­gaş­dyr­ýan şä­her­de hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şä­her­gur­lu­şyk sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, gys­ga wag­tyň için­de paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 12-nji, 13-nji, 14-nji, 15-nji we 16-njy tap­gy­ry­nyň dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly bi­na­la­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi­niň göz­li şa­ýa­dy bol­duk. Ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň 16-njy tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de, Mag­tym­gu­ly şa­ýo­lu­nyň ug­run­da, Tas­la­ma hem-de Täh­ran kö­çe­le­ri­niň ara­ly­gyn­da­ky gi­ňiş­lik­de me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň iri top­lum­la­ry gur­lup ula­n­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da köp gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, «Gül Ze­min» iri söw­da-dynç alyş mer­ke­zi bar.
Aş­ga­ba­dyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Al­tyn kö­lüň» ke­na­ryn­da ama­la aşy­ryl­jak paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 17-nji tap­gy­ryn­da­ky bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy hem ýur­du­my­zyň hu­su­sy gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­na yna­nyl­dy. Onuň çäk­le­rin­de bir­nä­çe des­ga­lar, şol san­da dynç alyş zo­la­gy gur­lar. Bu ýer­de öz­bo­luş­ly be­zeg aý­ra­tyn­ly­gy hem-de hä­zir­ki za­man amat­ly şert­le­ri bo­lan döw­re­bap kot­tej top­lum­la­ry­nyň 10-sy bi­na edi­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, eda­ra ediş bi­na­sy, luk­man­çy­lyk, söw­da hem-de hyz­mat ediş mer­kez­le­ri, po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň, ýan­gyn howp­suz­lyk gul­lu­gy­nyň bi­na­la­ry, 500 orun­lyk iki sa­ny aw­to­du­ral­ga, se­ýil­gäh­ler, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­ni­len meý­dan­ça­lar we de­giş­li des­ga­lar gur­lar. Şeý­le hem bu ýer­de ze­rur in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki we ýol dü­zü­mi­ne de­giş­li des­ga­lar bi­na edi­ler.
Ýa­kyn wagt­da paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zy­gyn­da tä­ze «akyl­ly» şä­her ke­ma­la ge­ler. «Aş­ga­bat Si­ti» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de eda­ra ediş bi­na­lar top­lu­my, hyz­mat ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry, me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri we beý­le­ki dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­lar bo­lar. 200-den gow­rak bi­na­ny özün­de jem­le­jek bu top­lum şä­he­ri­mi­ziň owa­dan keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­di­rer.

Baý­gel­di NUR­MY­RA­DOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary.