Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde özgertmeleriň uly tapgyry amala aşyryldy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz bilen bir hatarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ösüşler gazanylyp, durmuş hem-de önümçilik maksatly binalaryň uly toplumy yzygiderli ulanmaga berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty netijesinde, dürli derejede özgertmeler maksatnamalary kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şol maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki okgunly ösüş saklanýar.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine syn salanymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklarda berk binýadyň tutulandygyny görmek bolýar.
Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanyp, jemi içerki önümiň ösüşi 5,5 göterim ýokarlandy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda meýilnamalaşdyrylan 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desganyň işe girizilmegi, ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanmaga berilmeginiň göz öňünde tutulmagy milli ykdysadyýetiň kuwwatly ösüşine şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän jemi içerki önümde hususy bölegiň paýynyň 70 göterime golaý bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilýändigini alamatlandyrýan görkezijileriň biridir.
Ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 109-syna gol çekildi.
Umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Nebitgaz ýataklary özleşdirilip, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz känindäki nobatdaky guýularyň gurluşygyna badalga berildi.
Ulag ulgamy: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda ulag ulgamy düýpgöter ösdürilýär. Ýurdumyzyň transmilli ulag geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ýyllarda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda», şeýle hem «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýalar kabul edildi.
Nebitgaz ulgamy: Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýan nebitgaz ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Nebithimiýa önümçiliginde düýpli gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmek ýola goýuldy. Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleri hem yzygiderli artýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda elektrik energiýasynyň, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi onlarça esse artdy, mineral dökünleriň öndürilişi hem ep-esli köpeldi.
Dokma pudagy: Garaşsyzlyk ýyllary içinde kuwwatly ösüşe eýe bolan pudaklaryň biri hem ýeňil senagatdyr. Bu döwürde ýurdumyzda häzirki zaman dokma senagaty düýbünden täzeden döredildi. Dokma pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksporta ugradylýar. Ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ulanmaga berlen iri dokma toplumy hem kämil enjamlar bilen üpjün edilip, täze önümçilige niýetlenendir.
Hususy pudak: Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat özüniň oňat netijesini berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk we azyk önümleriniň 90 göterimden gowragy, senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy hususyýetçiler tarapyndan öndürilýär. Şonuň ýaly hem, söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatlaryň 90 göterimden gowragyny telekeçilerimiz amala aşyrýarlar.
Himiýa pudagy: Himiýa pudagyny ählitaraplaýyn ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda soňky ýyllarda ulanmaga berlen «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, Garlyk dag-magdan toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody hem-de Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod gazhimiýa senagatynyň ýeten belent derejelerini görkezýär. Soňky ýyllarda pudagy ösdürmäge köp milliardlyk maýa goýumlary goýuldy.
Daşary syýasat: Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak işinde möhüm hem-de halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýan ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda iri, abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Muňa şu ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyny mysal getirmek bolar. Şeýle hem öňümizdäki aýlarda, ýagny oktýabr we noýabr aýlarynda degişlilikde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny hem-de VI Hazar sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Güljemal BERDINAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.