Londonyň “Arsenaly” myhmançylykda Praganyň “Slawiýa” topary bilen duşuşyp, garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Iňlis klubunyň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda topçularyň gollaryny Bukaýo 32-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Bukaýo Saka hem-de 46-njy we 68-nji minutlarda Mikel Merino geçirdi. Şunlukda, ähli ýaryşlarda oýnan soňky 8 duşuşygynda gol geçirtmedik “Arsenal” bu ugurda klubuň 122 ýyllyk rekordyny gaýtalady. “Arsenal” soňky gezek 1903-nji ýylda yzly-yzyna 8 oýunda gol geçirtmändi. Oýunda 68-nji minutda Deklan Raýsyň ornuna giren Maks Dowman 15 ýaş 308 gün bilen Çempionlar Ligasynda meýdança çykan iň ýaş futbolçy rekordynyň täze eýesi boldy. Çempionlar Ligasynda oýnan 15 ýaşly ilkinji futbolçy bolan Dowman bu ugurda germaniýaly Ýussef Mukokonyň rekordyny täzeledi (16 ýaş 18 gün).

Londonyň başga bir wekili “Tottenham” öz meýdançasynda “Kopengagen” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollaryny 19-njy minutda Brennan Jonson, 51-nji minutda Odebert, 64-nji minutda Wan de Wen hem-de 67-nji minutda Palinýa öz atlaryna ýazdyrdylar. Duşuşygyň 57-nji minutynda 1-nji goly geçiren Brennan Jonson gyzyl kart alyp, oýnuň ahyrynda ýer eýeleriniň braziliýaly hüjümçisi Rişarlisonyň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy ýokarky sütünden yzyna gaýtdy.