Angliýanyň “Arsenal” topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Topçular 6-njy transferini amala aşyrdy. “Arsenal” kluby “Sporting” toparyndan ýyldyz hüjümçi Wiktor Gýokereşi ençeme synanyşygyň netijesinde ahyry transfer etdi. London şäheriniň kluby 27 ýaşyndaky şwesiýaly hüjümçiniň transferi üçin lissabonlylara 63,5+10 million ýewro berer. Gýokereş “Arsenal” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol täze toparynda 14-nji belgili köýnekçäni geýer. Asly wengriýaly bolan Gýokereş futbol karýerasyna Şwesiýanyň “Brommapoýkarna” toparynda başlap, 2018-nji ýylda “Braýtonyň” düzümine geçdi. Ol bu klubda bary-ýogy 8 duşuşyk geçirse-de, “Premier Liganyň” çäginde ýeke gezek hem meýdança çykmady. Germaniýanyň “Sankt Pauli”, Uelsiň “Swansi Siti” klublarynda kärendesine oýnan Gýokereş “Kowentri Sitiniň” düzüminde 2,5 möwsüm (ýarym möwsümi kärendesine) çykyş etdi. 2023-nji ýylyň tomsunda Portugaliýanyň “Sporting” toparyna transfer bolan Gýokereş bu klubda 102 oýunda 97 gol geçirdi (çempionatda 66 oýunda 68 gol). Gýokereş Şwesiýanyň ýygyndysynda-da 26 oýunda 15 gezek tapawutlanmagy başardy.