Tozanlandyryjy hökmünde arylar we beýleki mör-möjekler iýýän iýmitlerimiziň köpüsiniň hasylynyň ýokary bolmagyna goşant goşýarlar. Medeni taýdan ösdürilip ýetişdirilýän ekinlerimiziň dörtden üç bölegi arylar tarapyndan tozanlandyrylýar. Eger şeýle mör-möjekler planetamyzdan ýok bolsa, oba hojalygy önümçiligi ep-eli azalardy. Diňe bal arylary gül açýan ösümlikleriň, takmynan, 80 göterimini tozanlandyrýar.
Arylar ösümlikleri tozanlandyrmakdan başga-da, oba ýşaýjylary bilen ýabany tebigatyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň öňüni alyp, adamlara kömek etmekde peýdalanyldy. ABŞ-nyň IFAW (International Fund for Animal Welfare/Haýwanlaryň asudalygy üçin gazna) gaznasy ýakynda Malawide pilleriň adamlara ýakynlaşmazlygy üçin “ary diwaryny” gurmaga kömek etdi. Piller gözlerine, gulaklaryna ýa-da holtumlaryna girýändigi we çakýandygy üçin bu kiçijik mör-möjeklerden gaça durýarlar. Bu taslama oňyn netijesini berdi. Indi bu sebitde ýabany piller ilatly ýerlerdäki arylar sebäpli, ol ýere golaýlaşmaýarlar. Bu taslamanyň çäklerinde ýerli ilat goşmaça girdeji çeşmesi hem tapdy.
Arylar barada gyzykly maglumatlar
Arylaryň 5 gözi bar.
Mör-möjekler toparyna degişli bolan arylaryň 6 aýagy bar.
Arylar sagatda 30 kilometrden hem çalt tizlik bilen uçýarlar.
Ene ary günde iň köp 2 müň ýumurtga goýup bilýär.
Arylar güllerden alan polenini yzky aýaklarynda göterýärler.
Arylaryň maşgalasynyň ortaça 50 müň töweregi agzasy bolýar.
Arylar 1 kilogram bal öndürmek üçin, takmynan, 2 million gülden şire ýygnamaly bolýarlar.
Bir ary ömründe 1/12 çaý çemçesi bal ýygnaýar.
Arylaryň 2 jübüt, ýagny 4 ganaty bolýar.
Bal arylarynyň arasyndaky esasy aragatnaşyk serişdesi feromon diýilýän himiki birleşmedir.