«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da 140 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýän Aş­ga­bat şä­he­ri­miz hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len «Azi­ýa­nyň mer­je­ni», «Pa­ra­hat­çy­lyk şä­he­ri» ady bi­len hem uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Paý­tag­ty­my­zy döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek, tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy we onuň dur­muş dü­zü­mi­ni top­lum­la­ýyn esas­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bag­ly me­se­le­ler hem döw­let Baştutanymyzyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, gö­zel Aş­ga­ba­dy­my­za, onuň hä­zir­ki dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, aja­ýyp bi­na­gär­lik keş­bi­ne äh­li­miz buý­san­ýa­rys. Öz­bo­luş­ly bi­na­lar, has oňaý­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, giň kö­çe­ler­dir şa­ýol­lar, gö­zel se­ýil­gäh­ler, aja­ýyp ýa­dy­gär­lik top­lum­la­ry baş şä­he­ri­mi­ziň gör­kü­ne görk goş­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, paý­tag­ty­my­zyň tä­sin bi­na­gär­lik gör­nüş­li des­ga­la­ry Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na 11 ge­zek gi­ri­zil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ýü­re­gi ha­sap­lan­ýan Aş­ga­ba­dyň baş bi­na­gä­ri bol­mak bi­len, paý­tag­ty­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça şä­her­gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ug­run­da bi­möç­ber ala­da ed­ýär. Bu ugur­da­ky giň ge­rim­li iş­le­riň bar­ha ro­waç­lan­ma­gy esa­syn­da ak şä­he­ri­miz gö­zü­mi­ziň al­nyn­da bar­ha öz­ger­ýär.
140 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny toý­lan gö­zel paý­tag­ty­my­zyň was­py has-da be­lent­den ýaň­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da hal­ky­my­za «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly tä­ze ki­ta­by­ny sow­gat et­me­gi bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň şat­ly­gy­ny go­şa­lan­dyr­dy.
Gün­sa­ýyn ös­ýän, öz­ger­ýän paý­tag­ty­myz äh­li ugur­lar­da nus­ga­lyk şä­he­re öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len şä­he­ri­mi­ziň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy we iş­le­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan gün­le­rin­de «Hy­un­dai All New Su­per Aero Сity» ky­sym­ly tä­ze şä­her aw­to­bus­la­ry­nyň we «Toyo­ta Сorol­la» ky­sym­ly ýe­ňil tak­si­le­riň ula­ny­şa goý­be­ril­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Paý­tag­ty­myz hä­zir­ki döw­rüň äh­li ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. San­ly ul­ga­myň iş­jeň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan döw­rün­de paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de ägirt uly şä­her­gur­lu­şyk mak­sat­na­ma­sy bo­lan «Aş­ga­bat si­ti», ýag­ny «akyl­ly şä­her» tas­la­ma­sy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi hem bu ugur­da äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Bu­lar­dan baş­ga-da, paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­lyk to­ýy my­na­sy­bet­li 140 sa­ny iki gat­ly, ýo­ka­ry amat­ly­gy bo­lan tä­ze kot­tej jaý­la­ry­nyň açyl­ma­gy aba­dan dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýan hal­ky­my­zyň ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­za bo­lan buý­san­jy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ýar.
Umu­man, mer­jen şä­he­ri­miz Aş­ga­bat ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim we me­de­ni mer­ke­zi­dir. Äh­li ba­bat­da uly ösüş­le­re eýe bol­ýan paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri san­ly­ja ýy­lyň için­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len dün­ýä­niň iň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri bol­dy. Gö­zel paý­tag­ty­myz özü­niň gaý­ta­lan­ma­jak aja­ýyp bi­na­la­ry bi­len hem­me­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 12-nji, 13-nji, 14-nji, 15-nji we 16-njy tap­gyr­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gur­lan des­ga­lar bi­len bir ha­tar­da, «Tä­ze za­man», Ço­gan­ly, «Gurt­ly», «Pa­ra­hat 7» ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry hem-de giň hem owa­dan şa­ýol­lar bu gün ak şä­he­ri­mi­ziň bi­na­gär­lik öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny has-da baý­laş­dyr­ýar.

Gur­ban­my­rat GUL­MY­RA­DOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.