Germaniýanyň çempionaty “Bundesliga” 2024/25 möwsümi “Bawariýanyň” çempionlygy bilen tamamlandy. 1 ýyllyk arakesmeden soň Germaniýanyň çempionatyndaky 35-nji çempionlygyny baýram eden “Bawariýanyň” şu ýeňşi bilen bilelikde möwsümde ýene bir waka ünsi çekýär. Ol hem “Hamburg SV” toparynyň 7 ýyldan soň “Bundesliga” dolanmagydyr. “Bundesliganyň” 6 gezek çempiony, Germaniýanyň Kubogyny 3 sapar alan, Çempionlar Ligasynyň (1983) hem ýeňiji “Hamburg” topary indi “Bundesligada” çykyş eder.

2018-nji ýyla çenli “Hamburg” kluby “Bundesliganyň” esaslandyrylmagyndan bäri ähli möwsüminde çykyş eden ýeke-täk topardy (“Bawariýa” “Bundesliganyň” ilkinji möwsüminde (1962/63) çykyş etmeýär). 2017/18 möwsüminiň iň soňky tapgyrynyň soňky minutlarynda demirgazyk germaniýalylaryň bu statistikasy tamamlanypdy. Olaryň täzeden degişli ýerine, ýagny “Bundesliga” dolanmagy üçin 7 ýyl gerek bolýar. Ýöne şol 7 ýylyň 6 möwsümi-de olar üçin lapykeç ýagdaýda geçip, her gezekde-de “Hamburg” soňky tapgyrlarda ýokary liga dolanmagyň bosagasyndan gaýdýar. “Hamburg” topary ahyry 7-nji möwsümde şol gaýtalanýan çarhy tersine öwürmegi başarýar.

“Bundesligada” 2017/18 möwsüminiň iň soňky tapgyry. “Hamburg” topary öz meýdançasynda “Borussiýa M” toparyny kabul edýär. “Köln” bolsa öz meýdançasynda “Wolfsburg” bilen duşuşýar. “Hamburgyň” ligada galmagy üçin ýeňiş gazanmagy, şol bir wagtyň özünde-de, “Kölnüň” hem ýeňilmezligi gerek. “Hamburg” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanýar, ýöne Kölnden gelen habar bar keýpi gaçyrýar. “Wolfsburg” myhmançylykda “Kölni” 4-1 hasabynda utýar. Şeýlelikde, 1963-nji ýylda esaslandyrylan “Bundesligada” başyndan bäri çykyş edip gelýän ýeke-täk topary “Hamburg” aşaky liga düşýär we bu derejesini ýitirýär.  Bu ýagdaý janköýerlere gaty agyr degýär. Topar bolsa aşaky liga düşmegiň sarsgynyndan saplanyp, 1 möwsümden soň täzeden esasy öýlerine, ýagny “Bundesliga” dolanmagyň aladasyny edip başlaýar. Ýöne bu ýeňil düşmeýär. Şowsuzlyklaryň yzy üzülmeýär.

“Bundesliga 2”-däki ilkinji möwsüminde (2018/19) ýaryşyň 3-den 2 bölegi tamamlananda, “Hamburg” 1-nji basgançakda orun alýar. Ýöne soňky 10 tapgyrda ýagdaýlar üýtgeýär. 25-34-nji tapgyrlarda diňe 1 oýunda ýeňiş gazanan “Hamburg” öz meýdançasynda “Ingolştadt” hem-de “Paderborn” toparlaryndan utulýar we 4-nji orna düşüp, olaryň “Bundesliga” çykmak arzuwy indiki möwsüme galýar.

2019/20 möwsümi. “Hamburg” topary bu gezek hem täze möwsüme şowly başlaýar. “Bundesliga” sary barýan topara soňky 11 tapgyrda bir döw çalýar. 11 duşuşygyň diňe 2-sinde ýeňiş gazanýar. Özleri üçin möwsümiň iň wajyp oýnunda öz meýdançasynda “Sandhauzenden” 5-1 hasabynda ýeňilýär. 4-nji ýeri eýeläp, pleý-offda oýnamak mümkinçiligini 1 utuk bilen elden giderýär.

2020/21 möwsüminde-de şol ssenariýa gaýtalanýar. 22 tapgyr liderligi özünde saklasa-da, soňy ýene-de üýtgemeýär. Gysga wagtda 4-nji orna düşýär. Soňky 7 oýnuň 2-sinde ýeňiş gazanyp, 4-sinde utulýar (1 deňlik). Netijede, bassyr 3-nji möwsümi 4-nji oruna tamamlaýar.

2021/22 möwsüminde umumylykda durnukly ýörişini saklan “Hamburg” topary “Bundesliga 2”-ni 3-nji orunda tamamlaýar. “Bundesligany” 16-njy basgançakda jemlän “Herta Berlin” bilen pleý-off duşuşygyny geçirmäge hukuk gazanýar. 1-nji oýunda Berlinde 1-0 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş bilen dolanýar. Ýöne öz meýdançasynda 2-0 hasabynda utulyp, “Bundesliga” çykmak arzuwuny indiki ýyla süýşürýär.

2022/23 möwsümi. “Hamburg” topary ýene-de şowsuzlyga uçraýar. Soňky tapgyryň öňüsyrasynda 2-nji orunda barýar. Bu “Bundesliganyň” peteginiň ýarysy diýmek bolup, iň soňky oýnuň ahyrlarynda stadionda “Hamburgyň” ýokary liga çykandygy eşitdirilýär. Stadiondaky janköýerleriň şowhunynyň çägi bolmaýar. Ýöne şol şatlyk-şagalaňyň ornuny gysga wagtda gaýgy-gam gaplap alýar. “Haýdenhaým” topary goşmaça wagtda “Regensburg” toparynyň derwezesinden 2 gol geçirýär. Bu ýeňiş “Haýdenhaýmy” 2-nji orna çykarýar we olar taryhynda ilkinji gezek “Bundesligada” çykyş etmäge hukuk gazanýar. 3-nji orna düşen “hamburgly” futbolçylar agza-burna gelen “Bundesliga” petegini elden gidermegiň tukatlygy bilen pleý-offda “Ştutgartdan” 2 oýunda-da asgyn gelýär.

2023/24 möwsümi. “Hamburg” topary çempionatda uzak wagtlap öňdäki üçlükden aşak düşmeýär. Ýöne möwsümiň ykbalyny kesgitleýän oýunlary utuksyz tamamlap, ýene bir ýola şol şowsuzlyk ssenarisiniň gaýtalanmagyna sebäp bolýar. Bu möwsümde-de “Bundesliga” çykmak miýesser etmeýär.

Ine-de, ahyry, 2024/25 möwsüm, “Hamburgyň” 7 ýyllyk şowsuzlygynyň soňy bolýar. 7 ýyllyk arzuw amala aşýar. 33-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Ulm” toparyny kabul eden “Hamburg” garşydaşynyň 7-nji minutda öňe geçendigine garamazdan, 6-1 hasabynda ýeňşini baýram edýär. Utugyny 59-a çykaryp, 3-nji orundaky “Elwersbergden” 4 utuk öňe saýlanýar we möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda öz mynasyp ýerinde, “Bundesligada” çykyş etmäge hukuk gazanýar. “Volksparkstadion”-a ýyganan 57 müň janköýer üçin stadion hakyky baýramçylyk meýdançasyna öwrülýär. Merlin Polziniň tälimçiligindäki “Hamburgyň” indiki maksady bolsa, ýene-de ozalkylar ýaly “Bundesliganyň” ymykly wekiline öwrülmek.

“Hamburgdan” başga “Köln” hem “Bundesliga” çykdy

Germaniýada “Hamburgdan” başga “Köln” topary-da “Bundesliga” dolandy. Iki liganyň arasynda ýygy-ýygyndan gatnaw edýänligi bilen meşhurlyk gazanan “Köln” topary 2019-2024-nji ýyllar aralygynda 5 möwsüm üznüksiz “Bundesligada” çykyş edipdi. Taryhynda ilkinji gezek “Bundesligada” çykyş eden “Holştaýn Kiel” toparynyň bu başdan geçirmesi 1 ýyl dowam etdi. Şeýle-de, “Bohum” topary 4 ýyldan soň ýene-de 2-nji liga düşdi.

Parižde 35 ýyldan soň ilkinji derbi oýnalar

Fransiýanyň çempionatynda pleý-offda utulan “Reýms”, şol sanda “Sent-Etien” bilen “Monpelie” toparlary “Ligue 2”-ä düşdüler. “Reýms” 6, “Sent-Etien” 1 hem-de “Monpelie” 16 ýyldan soň “Ligue 1” bilen hoşlaşdy. 2-nji ligany 1-2-nji orunlarda tamamlan “Loriýan” bilen “Pariž FK” toparlary “Ligue 1”-de oýnamaga hukuk gazandy. Pleý-off “Reýmsi” ýeňen “Mets” bolsa edil “Loriýan” ýaly 1 ýyldan soň ýene-de ýokary liga dolandy. Şeýle-de, “Pariž FK” klubunyň ýokary liga çykmagyn bilen Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de 35 ýyldan soň ilkinji gezek paýtagt, Pariž derbisi oýnalar. Çempionatda soňky gezek 1989/90 möwsüminde PSŽ bilen “Rasing Klub Pariž” (häzirki “Rasing”) toparlarynyň arasynda paýtagt derbisi geçirilipdi. Geçen ýylyň oktýabr aýynda fransiýaly işewür Bernar Žan-Etien Arno tarapyndan satyn alnan “Pariž FK” topary soňky gezek 1978/79 möwsüminde, ýagny 46 ýyl ozal ýurduň iň ýokary ligasynda oýnapdy. Ýeri gelende bellesek, klub öz ýerli duşuşyklaryny “Stade Sebastien Charlety”-de oýnaýardy. Şu ýyldan başlap “Stade Jean-Bouin”-e göçen klubuň täze stadiony PSŽ toparynyň stadionynyň dul degşir goňşusy bolup, olaryň ikisiniň arasynda bir köçe bar. Iki stadionyň aralygy 80-100 metr çemesi bolup, bir wagtda geçiriljek duşuşyklar mahalynda janköýerleriň sesi iki tarapa-da eşidiler.

“La Ligada” täze toparmy ýa-da …

Ispaniýanyň “La Ligasynda” “Leganes”, “Las Palmas” hem-de “Walýadolid” toparlary aşaky liga düşen klublar boldy. Olaryň deregine “Lewante” bilen “Elçe” degişlilikde, 3 we 2 ýyllyk arakesmeden “La Ligada” çykyş etmäge hukuk gazandylar. 3-nji topar bolmak ugrunda taryhynda ilkinji gezek “La Liga” çykmaga dyrjaşýan “Mirandesi” ýeňen “Real Owiedo” 24 möwsümden soň ýokary ligada oýnamaga hukuk gazandy (1-0, 3-1 g.w.).

34 ýyldan soň “Serie A”-da

“Serie A”-da “Empoli”, “Wenesiýa”, “Monza” toparlary aşaky liga düşdi. Olaryň ornuna “Serie B”-den “Sassuolo”, “Pisa” hem-de pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi “Kremonese” toparlary “Serie A”-da çykyş etmäge hukuk gazandy. “Sassuolo” 1, “Pisa” 34, “Kremoneze” 2 ýyldan soň “Serie A” dolandy.

Ýene-de gelşi ýaly gitdiler

Angliýanyň “Premier Ligasynda” “Lester Siti”, “Ipswic Tawn” hem-de “Southempton” toparlary 1 ýyldan soň gelişleri ýaly ýene-de 2-nji liga dolandy. Angliýada bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek ýokary liga çykan toparlar 1 ýyldan soň 2-nji liga düşdüler (1997/98, 2023/24, 2024/25). Olaryň ornuna “Lids Ýunaýted” 2, “Börnli” 1, “Sanderland” 8 ýyldan soň “Premier Liga” gaýdyp geldi.

Hajymyrat Söýünow, gazetiň sport synçysy