20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işlerde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýük awtoulag we ýolagçy gatnawlaryny üstaşyr geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de bu ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.