“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ-niň resmi web sahypasynda Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi habar berilýär. Bu baradaky bildirişde şeýle diýilýär:
01.05.25 seneden “Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ tarapyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi Size habar berýäris.
HORMATLY ÝOLAGÇYLAR!
2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdalar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilýändigi we awiabiletleri awiakassalarynda satyn alyp boljakdygy barada Size habar berýäris.