Kino äleminiň iň uly baýragy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň hataryna täze ugur goşuldy. Amerikan kino akademiýasy 2028-nji ýyldan, ýagnyň Oskar baýraklarynyň 100-nji gowşurylyş dabarasyndan başlap iň gowy kaskadýor bezegi baýragy berler. Bu baýragyň esaslandyrylmagynda “The Fall Guy” filminiň režissýory Dewid Leitçiň tagallasy uludyr. Karýerasyna kaskadýorlyk bilen başlan Leitç we kaskadýorçylyk guramaçysy Kris O’Hara bilen bilelikde akademiýa bu ugruň baýragynyň döredilmegi barada ýüz tutdy. Akademiýa tarapyndan: “Kino sungatynyň ilkinji gününden bäri kaskadýorçylyk filmleriň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Tehniki we döredijilikli işi talap edýän bu ugry Oskaryň hataryna goşmak bizi buýsandyrýar” diýlip beýanat berildi. Şunlukda, Oskaryň baýraklarynyň sany 25-e ýetdi. Häzirki wagtda 23 bolan ugruň hataryna geljek ýyldan başlap, iň gowy kasting, ýagny artistler topary baýragynyň goşulýandygy ozal mälim edilipdi.