13-nji noýabrda «Arçabil» myhmanhanasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 91-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň suw hojalygy boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

 Mejlisde Aral deňziniň giňişligi bilen bagly ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge gönükdirilen möhüm meseleler boýunça degişli döwletleriň ýolbaşçylary tarapyndan öňe sürlen teklipleriň we başlangyçlaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde 2024-nji ýylyň dekabrynda Saud-Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ýurdumyz şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň esasy ugurlaryny hem-de wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça çäreleri yzygiderli we meýilnamalaýyn esasda dowam etdirmegi ugur edinýär.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda dostlukly goňşy ýurtlaryň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň agzalarynyň hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleleriň çözgüdine ylalaşykly çemeleşilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Çykyşlarda suw hojalygy boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça sebitdäki ähli döwletler bilen netijeli gepleşikleri dowam etmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem mejlisde sebitiň suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak, Aral deňziniň basseýninde suw üpjünçiligini hem-de ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga ýardam bermek, 2025-nji we 2026-njy ýyllaryň güýz-gyş möwsümlerinde suwy sarp etmek boýunça çaklanylýan möçberlere degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Degişli ugurda öňdebaryjy halkara iş tejribelerini ulanmak babatda gyzyklanmalar mälim edildi. Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň indiki mejlisiniň geçiriljek ýeri barada ylalaşyldy hem-de mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti