Şu gün, 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa maslahatda giriş sözi bilen çykyş edip, onuň işini alyp bardy.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili N.Saakýan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ý.Zaýsew, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Biýker, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary F.Saprykin çykyş etdiler.
Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatyna üýtgewsiz ygrarlylygyny nygtamak bilen, Guramanyň sekiz onýyllygyň dowamynda halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň kepili bolup galýandygyny belledi. Ministr Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren başlangyçlarynyň häzirki zaman halkara meselelerini düýpli düşünmegi görkezýändigini we BMG-niň dünýä derejesindäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Çykyşda halkara hukugyny berkitmek, parahatçylyk we ynanyşmak konsepsiýasyny ösdürmek, durnukly ösüşe ýardam etmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi we köptaraplaýyn diplomatiýanyň netijeliligini aýdyň subutnamasy bolandygy bellenildi.
BMG bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag baglanyşygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerine hem deglip geçildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretarynyň «Geljegiň pakty» atly resminamasynyň düzgünlerini goldaýandygyny we ýurdumyzyň olaryň durmuşa geçirilmegine işjeň goşant goşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň BMG-niň halkara konwensiýalaryna gatnaşyjy ýurt hökmünde milli we sebit derejede giň gerimli taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygy bellenildi.
Maslahatyň dowamynda degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary we BMG ulgamynyň edaralarynyň wekilleriniň eden çykyşlary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlaryny şöhlelendirdi. Olaryň esasylarynyň hatarynda saglygy goraýyş, bilim, durmuş taýdan goraglylyk, ykdysadyýet, ekologiýa we sanly özgertmeler ýaly ulgamlar bar.
Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmekde, sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Çykyş edenler çagalaryň hukuklaryny goramaga, inklýuziw bilimi ösdürmäge, lukmançylyk we durmuş ugurly hyzmatlary kämilleşdirmäge, gender deňligini ilerletmäge hem-de innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üstünlikli netijelerini beýan etdiler. Şeýle hem ekologiýa, howanyň üýtgemegi we tebigy serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň hem-de 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda mundan beýläk-de hereketleri utgaşdyrmaga we hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyna taýýardygy bellenildi.
Ýubileý ýylyň çygrynda Türkmenistanyň BMG bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň mysallary getirildi. Olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň 80 ýyllygynyň diňe bir möhüm sene däl-de, eýsem, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine bolan ygrarlylygy tassyklamak üçin ýene-de bir mümkinçilik bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

 ***

Soňra Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu resminama taraplaryň geljekki döwür üçin hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlaryny kesgitleýär.