De­mir Ýol Hyz­mat­daş­ly­gy Gu­ra­ma­sy­nyň (DÝHG) Baş di­rek­tor­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­nyň XXXVIII mej­li­si 2024-nji ýy­lyň 13-19-njy ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da tca.gov.tm ha­bar ber­ýär.

Gu­ra­ma­nyň bu ýo­ka­ry de­re­je­li çä­re­si, ýag­ny do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bi­ri­niň – Baş di­rek­tor­la­ryň mas­la­ha­ty – ge­çen ýyl­da ulag pu­da­gyn­da bi­le­lik­dä­ki üs­tün­lik­le­re ba­ha ber­mä­ge, gel­je­ge gö­nük­di­ri­len gör­kez­me­le­ri kes­git­le­mä­ge we hal­ka­ra de­mir ýol jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öza­ra gat­na­şy­gy üçin tä­ze hö­wes­len­di­riş müm­kin­çi­li­gi­ni be­rer. Şeý­le hem Aş­ga­bat fo­ru­myn­da “Türk­men­de­mir­ýol­la­ry” agent­li­gi­niň gu­ra­ma­nyň ag­za­ly­gy­na go­şul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy hem bel­le­ner.
Ýa­kyn­da ge­çi­ril­jek çä­re, ýur­duň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýan ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň çä­gin­de Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan baş­la­nan bir­nä­çe mö­hüm wa­ka­ny do­wam et­di­rer. 2023-nji ýyl­da bu ugur­da aý­ra­tyn meş­gul­la­nyl­dy. Şeý­le­lik bi­len, 2023-nji ýy­lyň 16-njy ma­ýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň 70-nji umu­my mej­li­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi we BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­wy bi­len 26-njy no­ýabr­da “Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni” res­mi­na­ma­sy ka­bul edil­di.
Bu gü­nüň il­kin­ji baý­ram­çy­ly­gy BMG-niň ul­ga­myn­da we Aş­ga­bat­da bo­lup ge­çen bir­nä­çe wa­ka­lar bi­len bel­len­di. Şo­la­ryň ara­syn­da 15-17-nji no­ýabr­da “Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­ti ýurt­la­ry – Hy­taý – Gyr­gy­zys­tan – Öz­be­gis­tan – Türk­me­nis­tan – Azer­baý­jan – Gru­zi­ýa – Ýew­ro­pa” (CASCA +) hal­ka­ra mul­ti­mo­dal ge­çel­ge­si bo­ýun­ça mul­ti­mo­dal ýük da­şa­mak üçin nyrh ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny ulan­mak me­se­le­si we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak bo­ýun­ça V du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
26-njy no­ýabr­da türk­men paý­tag­tyn­da gib­rid gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len “Dur­nuk­ly ulag: dur­nuk­ly ösü­şe go­şant” at­ly hal­ka­ra yl­my we ama­ly mas­la­ha­ty ulag pu­da­gy­nyň hö­kü­met we tä­jir­çi­lik gur­luş­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri­ni, hal­ka­ra hem-de se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di.
Mun­dan baş­ga-da, şu ýy­lyň 14-nji no­ýab­ryn­da Türk­me­nis­tan Ýew­ro-Azi­ýa ulag ge­çel­ge­si bo­lan TRACECA-ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky Yla­la­şy­ga res­mi taý­dan go­şul­dy. Res­mi­na­ma­nyň mak­sa­dy, Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň se­bit­le­rin­de yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry, söw­da we ulag ara­gat­na­şy­gy­ny ös­dür­mek, şeý­le hem hal­ka­ra ha­ryt­la­ryň da­şal­ma­gy­na gol­daw ber­mek, ulag howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ulag sy­ýa­sa­ty­ny saz­laş­dyr­mak we aý­ry-aý­ry usul­la­ryň ara­syn­da bäs­deş­lik üçin deň şert­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň bu Yla­la­şy­ga go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky ka­nun ýur­duň Mej­li­si ta­ra­pyn­dan 30-njy sent­ýabr­da ka­bul edil­di we soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan gol çe­kil­di.
Şeý­le­lik bi­len Türk­me­nis­ta­nyň 2023-nji ýyl­da­ky ulag gat­na­wy bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­sy 2024-nji ýy­la çen­li bu pu­da­gyň ös­me­gi­ne güýç­li iter­gi bol­jak­dy­gy­ny we bi­ziň ýur­du­my­zyň bü­tin­dün­ýä ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň mer­ke­zi­ne öw­rül­jek­di­gi­ni ha­bar ber­ýär.