7-nji martda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlaglar, olaryň mähri, yhlasy, jomartlygy, aladalary üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabarynyň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty zenanlaryň ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik, ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna, telekeçilikde, ylymda, sungatda, sportda öz mynasyp ornuny tapmaklaryna gönükdirilendir. Bu günki gün türkmen zenanlary ýokary bilim we hünär derejelerine eýe bolmak bilen, döredijilikli başlangyçlara mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak baradaky aladany ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça anyk işler amala aşyrylýar, eneligi, çagalygy goramaga, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada ildeşlerimiziň 200-den gowragy mynasyp boldy. Bu at enelerimiziň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Dabara gatnaşyjylar döwletimizde giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuşda ýaşamaga amatly şertleriň döredilýändigi, jemgyýetde belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, ýaş nesilleriň geljegi baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gelin-gyzlaryň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.
Şu bahar günlerinde ähli ýerlerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar aýdylýar, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guralýar.