29-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, umumy meýdany 4 gektar bolan, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary, tehniki binalary hem-de desgalary öz içine alýan täze merkezi gurmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna merkezde ýerleşjek çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy hem-de kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu merkezi gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagy, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini belläp, «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi.