Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilýän foruma – Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid we beýlekiler ýokary derejeli myhmanlar gatnaşýar.

Forumdan ozal Türkmenistanyň Prezidenti hem-de dünýä liderleri paýtagtymyz Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasyna gül goýdular.

Soňra Maslahatlar merkezinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara wekilçilikli forum başlady. Forumyň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman döwründe uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Maslahatyň dowamynda foruma gatnaşýan dünýä liderleri çykyşlaryny amala aşyrýarlar.