19-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçiriler.
Bu wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 7-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.