“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy, dört awtobus ugrunyň üýtgediljekdigi barada habar berdi.
100-nji “Teke bazar – Arkadag şäheri” awtobus ugruna raýatlaryň tomus dynç alyş möwsüminde “Tebigatyň janly muzeýine” bökdençsiz barmaklaryny gazanmak maksady bilen 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 23-den üýtgeşme girizilýär.
97-nji “Büzmeýin – Täze zaman” awtobus ugruna iýun aýynyň 27-sinden üýtgeşme girizilip, “Büzmeýin” bellige alyş nokadyna çenli, ugruň dowamyny bolsa 85-nji “Büzmeýin – Güneş” hem-de 86-njy “Büzmeýin – Köpugurly hassahana” ugurlarynyň hyzmatlaryndan Ahal köçä çenli peýdalanyp biljekdigiňizi mälim edýäris.
Şeýle hem “Bagyr – Büzmeýin” ugrunyň açylmagy bilen 63-nji “Teke bazar – Büzmeýin” awtobus ugruny Gökje ýaşaýyş toplumyna çenli üýtgeýändigi sebäpli, ugruň ady üýtgedilip, 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 7-sinden “Büzmeýin – Bagyr” awtobus ugry diýip atlandyrylar, 4-nji “Arzuw – Ýalkym” awtobus ugruna üýtgeşme girizilip, Gökje ýaşaýyş toplumynyň Güneş köçesi bilen A.Ataýew köçesinden Gökje – Bagyr aýlawyndan gündogarlygyna öz hereketini dowam etdirer.