Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesliň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ylma, döredijilige höwesini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň «Ýokary hilli bilim» maksadyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň aprelinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça II Halkara olimpiadany geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.