29-30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “TurkmenExpo” kompaniýasy tarapyndan guralýan “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi”atly halkara maslahaty geçiriler.
“QACIS 2025” halkara maslahaty Standartlaşdyrmak, önümiň we hyzmatyň hilini üpjün etmek bilen bagly açyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralaryň, işewürleriň wekillerini, halkara guramalaryň wekillerini we bilermenleri birleşdirmegi maksat edinýär.
Maslahatyň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň önüminiň, hyzmat ulgamynyň hili halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylar. Çäre türkmen ykdysadyýetini dünýä bazarlaryna ilerletmek we onuň ornuny berkitmäge ýardam bermeklige gönükdirilendir.