23-nji aprelde paýtagtymyzda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden – Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar.
Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi.
Bu ýaryşyň guramaçylygy babatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasy we Bütindünýä Göreş federasiýasy tarapyndan hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýaryşa gatnaşyjylar Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Uzak garaşylan pursat gelip ýetýär: sport toplumynyň meýdançasyna halkara ýaryşa gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirilýär. Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy başlanýar.
Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn uly ähmiýet berendikleri, pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli mekdebini döredendikleri nygtalýar.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetýär: sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş açyk diýlip yglan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň belent owazynyň astynda Watanymyzyň ýaşyl tugy ýokary galdyrylýar.
Soňra Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň başlygy Şöhrat Mämmedow we Bütindünýä Alyş federasiýasynyň (WAF) prezidenti Adilet Baýaman Uulu çykyş edip, sporty, hususan-da, guşakly göreşi ösdürmäge uly üns berýändikleri, ýokary wekilçilikli halkara ýaryşlary geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem sport guramalarynyň ýolbaşçylary ýaryşa gatnaşyjylary oňa badalga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdiler.
Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, joşgunly aýdym-sazly we tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra ýaryşyň maksatnamasynyň birinji görnüşi — türkmen milli göreşi boýunça 8 medal toplumy ugrunda bäsleşiklere orun berildi. 8 agram derejesiniň ählisinde türkmen türgenleri ýeňiji boldular. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş medal, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar.
Şeýlelikde, ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary jemi 14 medal (8 altyn, 5 kümüş, 1 bürünç) gazandy. 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gyrgyzystanyň topary ikinji; 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen Owganystanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeleýär. Özbegistanyň topary 3 bürünç medal, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň toparlary bolsa hersi bir bürünç medal gazandylar.
Şu gün, 24-nji aprelde guşakly alyş göreşiniň ussatlary erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört medal toplumy ugrunda göreşerler.