Şu gün paý­tag­ty­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bir­ba­da üçü­si­niň — Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň, Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň we Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­niň düý­bü­ni tut­mak my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow gat­naş­dy.
Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň düý­bü­niň tu­tul­jak ýe­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, tür­ki­ýe­li myh­man­lar, luk­man­lar­dyr il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar gar­şy­la­dy­lar. Bu ýer­de aý­dym-saz, tans to­par­la­ry­nyň joş­gun­ly çy­kyş­la­ry ýaň­lan­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de söz­län sö­zün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş öz­gert­me­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry, tä­ze des­ga­la­ryň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da aýt­mak bi­len, ada­myň we onuň sag­ly­gy­nyň ýur­du­myz­da döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň esa­sy gym­mat­ly­gy bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Soň­ra «Gap In­şa­at Ýa­ty­rym we Dyş Ti­ja­ret A.Ş.» türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ah­met Ça­lyk çy­kyş et­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­niň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy my­na­sy­bet­li ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol çek­di we ony ýö­ri­te gu­ta ýer­leş­di­rip, tä­ze des­ga­nyň bin­ýa­dy­na at­mak bi­len, iri gur­lu­şy­ga ba­dal­ga ber­di.
Soň­ra da­ba­ra­lar Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­niň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy bi­len do­wam et­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň 10-njy few­ra­lyn­da gol çe­ken Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da bi­na edil­jek 500 orun­lyk Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň, Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, 160 orun­lyk Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­niň gur­lu­şyk­la­ry­ny ama­la aşyr­mak «Gap In­şa­at Ýa­ty­rym we Dyş Ti­ja­ret A.Ş.» türk kom­pa­ni­ýa­sy­na yna­nyl­dy. Kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan tä­ze des­ga­la­ry tas­la­ma­la­ry­ny düz­mek, ola­ry döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, äti­ýaç­lyk şaý­la­ry we sarp ediş se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ar­ka­ly 2026-njy ýy­la çen­li do­ly ula­ny­şa taý­ýar et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Bu ba­ra­da «Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň elekt­ron nus­ga­syn­da ha­bar be­ril­ýär.