“Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýoluň binalarynda we desgalarynda, ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Düýpli abatlaýyş işlerine 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgany 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.