21-nji ýanwarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Hindi dili okuw otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň sekretary Sibi Jorjuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu, ilçihananyň wekilleri, şu ýokary okuw mekdebiniň rektory Maksat Çaryýew, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 
Ikitaraplaýyn dostlugyň ynsanperwer ulgamdaky oňyn miwesine öwrülen bu dabaranyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dilçi ýaşlary hünär dilleri bolan hindi dilinde täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Açylyş dabarasy türkmen-hindi dostlugynyň pugtalanmagynda edilýän tagallalaryň ähli babatda özüniň oňyn netijelerini berýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Institutda açylan Hindi dili okuw otagynyň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň dünýä dillerini kämil öwrenmegi üçin nobatdaky mümkinçilige öwrüldi. Talyplar okuw otagynda Hindistanyň görnükli şahsyýetleriniň meşhur eserlerini okap, olar bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Şeýle hem bu okuw otagynda geljekde çeper okaýyşlary, dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bu bolsa dilçi ýaşlara has-da yhlasly okamaga we hünär dillerinde ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň ýol açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlar her bir dili öz geljekki hünärleri bilen baglanyşykly öwrenýärler. Bu bolsa her bir daşary ýurt diliniň hünär ugry boýunça öwredilýändigini aňladýar. Şu amatly okuw şertleri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň, ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň döwrebap ösmegine giň ýol açýar” diýip bellemegi hem ýaş nesilleriň dünýä dillerini öwrenmegi üçin edilýän tagallalaryň döwlet derejesinde uly ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär.
Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen-hindi dostlugynyň mundan beýläk hem dowamat-dowam bolmagy, ýaş nesilleriň dünýä dillerini kämil öwrenmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
PDF









