Erkek kişileriň ýüregine barýan ýoluň aşgazanyň üstünden geçýändigi baradaky aýtgyny köpler eşiden bolsa gerek. Ýöne şu günki günde diňe erkeklere öz aşgazanynyň aladasyny etmek mahsus bolman, eýsem, aşgazan-içege ulgamynyň saglygy hemmeleriň meselesi bolmalydyr.
Aşgazan iýmit siňdiriş ulgamyndaky agza bolup, oňa iýlen iýmit toplanýar, iýmitler beloklary dargadýan fermentlere sezewar bolup, içegä geçmezden ozal siňdirilýär. Aşgazanyň bardasy beloklary dargadýan duz kislotasyny we fermentleri öz içine alýan şiräni öndürýär. Şol şireler iýmiti gaýtadan işläp, siňdirenden soň, bölünip çykmagyny togtadýar. Aşgazan keselleriniň köp bölegi nemli bardanyň işiniň bozulmagy bilen baglanyşykly bolup, saglyga düýpli täsirini ýetirýär. Aşgazandaky diwarlaryň utgaşykly ýygrylmasy iýmitleriň aşgazandan on iki barmak içegä geçmegine mümkinçilik berýär. Aşgazan-içege ulgamynyň biri-biri bilen sazlaşykly gatnaşygy, aşgazanyň işleýşini kadalaşdyrýar. Şol sebäpden, bu ulgamda bir agzanyň näsazlygy derrew beýlekisinde ýüze çykýar.
Aşgazana zyýanly ýagdaýlar:
1 «Helicobacter pylori» bakteriýalary. Dürli ýollar bilen aşgazana aralaşýan bu bakteriýalar nemli bardany gyjyndyryp, eroziýanyň, ýaranyň we düwnügiň döremegine sebäp bolýar. Keselleriň döremeginde bu bakteriýalaryň zyýany jedelli mesele bolsa-da, ýüze çykýan ýagdaýlaryň köpüsi olaryň bedende bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
2 Çilim çekmek. Çilim çekmek aşgazan kislotasynyň artykmaç bölünip çykmagyna itergi berip, aşgazanyň diwarlaryna zeper ýetirýär. Şeýle-de çilim çekilende aşgazana tüýkülik bilen düşýän garyndylar aşgazanyň nemli bardasyny gyjyndyryp, işleýşini bozýar.
3 Alkogolly we gazly içgiler. Alkogolly we gazlandyrylan içgiler aşgazanyň diwarlarynyň gyjynmagyna we himiki ýanmalaryna sebäp bolýar. Şeýle ýagdaý, esasan hem, alkogola mahsusdyr.
4 Dermanlar. Aşgazanyň diwaryna zeper ýetirip biljek käbir dermanlardan öte peýdalanmak.
5 Uzak we güýçli täsir eden ruhy ýa-da fiziologik stres. Ruhy stres aşgazanda kislotanyň köp mukdarda bölünip çykmagyna sebäp bolýar, bu bolsa gyjyndyrmalary artdyryp, aşgazanyň işleýşiniň bozulmagyna alyp barýar.
6 Iýmitde kletçatkalaryň mukdarynyň ýetmezçiligi. Kletçatka aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine kömek edip, dogry gysylyp-ýazylmagyna we iýmitiň aşgazan-içege ugry boýunça dogry hereket etmegine itergi berýär.
7 Gaýtadan işlenen önümler: konserwirlenen iýmitler, tüssede kakadylan iýmit önümleri we şöhlat önümleri bedene ýaramaz täsir edýär, sebäbi olardaky köp sanly goşundylaryň we maddalaryň düzümi aşgazan diwaryna ýaramaz täsirini ýetirýär.
Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, keseli wagtynda anyklap, lukmana ýüz tutmak, däri-dermanlary dogry kabul etmek, ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, dogry iýmitlenmek, stres ýagdaýlarynda özüňe erk edip, öz duýgularyňy dolandyrmak – bu çäreleriň ählisi aşgazan keselleriniň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Nury Jumaýew,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň endoskopiýa bölüminiň müdiri.