Ýaponiýanyň “Hayabusa 2” atly kosmos gämisi Rýugu atly asman jisiminden gum getirmek üçin iberen enjamy Awstraliýanyň günortasyna gondy. Ýapon Kosmos Barlaglary Agentligi (JAXA) tarapyndan işlenip taýýarlanan enjam 2014-nji ýylda uçurylypdy. Kapsula 2018-nji ýylyň iýunynda Ýerden 220 müň kilometr daşlykdaky asman jisimine gonupdy. Ululygy bary-ýogy 40 santimetre barabar bolan kapsula asman jisiminden toprak nusgalaryny alandan soňra, geçen ýylyň noýabr aýynda yzyna gaýdypdy. Asman jisiminden getirilen topragyň Gün ulgamynyň emele gelmeginde täze maglumatlary toplamaga ýardam etjekdigi bellenilýär.