21-nji fewralda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ene diliniň halkara güni mynasybetli konsert geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan ş.) G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetine we ene dilini goramagyň möhümdigine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Uniwersitetiň talyplary dürli döredijilik çykyşlaryny öz içine alan maksatnamany hödürlediler: aýdymlar, tanslar we aýdym-saz çykyşlary.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi çäräniň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Sergide milli amaly-haşam sungatynyň we döredijiligiň nusgalary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, şeýle hem türkmen dilinde çap edilen neşir önümleri görkezildi.
Çäräniň çäklerinde G.Ilamanow bilen uniwersitetiň rektory A.Newalennyýnyň arasynda duşuşyk geçirilip, onuň dowamynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.