YUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz gününiň baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň çar künjegini gurşap aldy. Köneürgenç etrabynyň Medeniýet öýünde geçirilen konsert hem Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. “Asyrlaryň jümmüşinden seslenip, Nowruz gelýär ak güllere beslenip” ady bilen geçirilen konserti Köneürgenç etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, medeniýet bölümi bilelikde guradylar. Konserde edara-kärhanalarda zähmet çekýän bagtyýar halkymyz uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Konsertiň geçirilen ýeriniň gök maýsalar, köp öwüşgünli güller we milliligimizi şöhlelendirýän beýleki sergiler bilen bezelmegi bu ýere ýygnananlarda ruhubelentlik duýgularyny döretdi. Konsertiň dowamynda etrabymyzyň tanymal aýdymçylary Perman Babajanow, Merdan Aknuryýew, Magsat Meredow, Geldimyrat Soltanmyradow, Arzygül Duşemowa, Jeren Amanowa dagynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar diýseň şatlyk-şowhuna beslendi. Olar özleriniň mahmal owazly aýdym-sazly çykyşlarynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, ata Watanmyzyň dünýä ýüzindäki at-abraýny, nowruz baýramyny, hormatly Prezidentimiziň döwletli işlerini wasp etdiler. Uzak wagtlap dowam eden çäre bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlap, asuda parahat ýurdumyza bolan söýgüsini has-da artdyrdy.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.