Atlar dik duran ýerinde uklap bilýärler. Atlaryň ýykylman dynç almagy üçin aýaklaryny «gulplamaga» mümkinçilik berýän tendonlar ulgamy bar.
Atlar beýleki janly-jandarlardan tapawutlylykda diňe burnundan (minutda 8-14 gezek) dem alýar.
Atlaryň 180 derejede aýlanyp bilýän, 10 myşsaly gulagy bar. Bu jandarlar çawuş sesi hem eşidip bilýärler.
Atlar, takmynan, 360 dereje görüş meýdanyna eýedir. Bilermenler muny atlaryň gözüniň kellesiniň iki gapdalynda ýerleşmegi bilen düşündirýärler.
Atlar uzak wagtlap ýatda saklamak hem-de tanamak ukybyna eýedir.
Atlar biri-birine kömek edip bilýän duýguçyl jandarlar hasaplanýar.
Atyň ýaşyny dişine görä hasaplap bolýar.
Atyň iň kiçi tohumyna Falabella diýilýär. Girdenek atyň boýy 40-75 santimetre, agramy 20-60 kilograma barabar.
Gylýallar maşgalasynyň iň uly görnüşi Şire aty bolup, atyň bu tohumynyň boýy 168-183 santimetre, agramy 1 tonna çenli ýetýär.
PDF









