XX asyr­da hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da uly orun alan, unu­dyl­ma­jak, buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri-de Aş­ga­bat-Mosk­wa at­ly ýö­ri­şi­dir. Üs­tün­den 91 ýyl ge­çen bu ýö­riş mil­li at­çy­lyk pu­da­gy­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. 4300 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan at­ly ýö­riş 1935-nji ýy­lyň 30-njy ma­ýyn­da baş­la­nyp, şol ýy­lyň 21-nji aw­gus­tyn­da, bel­le­nen me­ýil­na­ma­dan üç gün öň ta­mam­lan­ýar. Seg­sen dört gün do­wam eden ýö­ri­şe ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den tej­ri­be­li se­ýis­le­riň, ça­pyk­su­war­la­ryň otuz sa­ny­sy gat­naş­ýar. Şo­la­ryň bi­ri hem Ak­tel­pek Na­gy­mow­dyr. Ol 1896-njy ýy­lyň 22-nji mar­tyn­da Da­şo­guzda çar­wa maş­ga­la­syn­da do­gul­ýar. 1903-1910-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da med­re­se­de we ýer­li rus mek­de­bi­niň bin­ýa­dyn­da he­re­ket eden il­kin­ji mek­dep­de baş­lan­gyç bi­lim al­ýar. 1911-1934-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da çöl eks­pe­di­si­ýa­la­ryň ýol­be­le­di, aras­sa gan­ly to­hum at­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry, at idet­me­giň gör­nüş­le­ri, to­hum­çy­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça bi­ler­men-tä­lim­çi ýa­ly iş­ler­de zäh­met çek­ýär.
Ak­tel­pek Na­gy­mow he­mi­şe uzyn jä­hek­le­nen gyr­my­zy don­ly, tah­ýa­ly, ak silk­me tel­pek­li, ça­kan reňk­li be­dew­li ge­zen­soň, il için­de oňa An­na­mät mür­ze, An­na­mu­ham­met mer­gen, An­na päl­wan hem diý­lip­dir. Ol halk köp­çü­li­gi­ne özü­ni sag­dyn, pä­him­li pi­kir­len­ýän, päk ýü­rek­li, sy­pa­ýy, sa­byr­ly we kä­mil dur­muş tej­ri­be­li je­pa­keş yn­san hök­mün­de ta­na­dyp­dyr. Ak­tel­pek 1936-1937-nji ýyl­lar­da Aş­ga­bat­da ýer-suw, ýol ugur­la­ryn­dan hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan mek­de­biň gys­ga wagt­la­ýyn oku­wy­ny ta­mam­la­ýar. 1938-1943-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň ýol gur­lu­şyk bö­lü­mi­niň mü­di­ri, 1944-1951-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Kö­ne­ür­genç et­ra­by­nyň suw ho­ja­lyk eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, 1952-1954-nji ýyl­lar­da «Ak­der­ýa» mal­dar­çy­lyk fer­ma­sy­nyň mü­di­ri, 1955-nji ýyl­dan soň­ra öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li «Ak­der­ýa» we Näz­li Gy­ly­jow adyn­da­ky ge­ňeş­lik­le­ri­niň ar­çy­ny, ar­çy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­le­rin­de zäh­met çe­kip­dir. Aktelpek Nagymow 1935-nji ýylda Aşgabat-Moskwa atly ýörişine gatnaşan Daşoguz toparyna ýolbaşçylyk edýär. Ol bu taryhy ýörişe «Garagär» atly bedewi bilen gatnaşýar. Toparyň düzüminde Garaşsyzlyk (şol wagky Ýylanly) etrabyndan Batyr Gazakow, Görogly etrabyndan bolsa Babajan Şükürow, Akmämmet Babaýew, Esen Hydyrow we Gurbandurdy Amanow ýaly edermen gerçekler bolupdyr.
Ýö­ri­şiň do­wa­myn­da oňa to­pa­ryň dü­zü­min­de ýa­şu­ly nes­liň we­ki­li, ez­ber yz­çy, mer­gen­lik­de, ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny öňün­den çak­la­mak­da, süý­ji suw­ly gu­ýu­la­ry daş men­zil­ler­den saý­gar­mak­da, ke­se­liň baş­lan­gyç de­re­je­le­ri­ni gys­sag­ly bil­mek­de, ýa­ba­ny haý­wan­la­ry aw­la­mak­da, el­de­ki­leş­dir­mek­de, ýüz­mek­de, syn­çy­lyk­da meş­hur­lyk ga­za­nan us­sat, dür­li agyr­lyk­da­ky daş­la­ry gö­ter­mek­de, zyň­mak­da, uzyn­ly­gy­na, be­ýik­li­ge bök­mek­de ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri bi­len ta­pa­wut­la­nan ber­daş­ly tür­gen, öň­de­ba­ry­jy ha­ly­pa hök­mün­de uly hor­mat goý­lup­dyr. Dün­ýä met­bu­ga­tyn­da ýö­ri­şe gat­na­şan türk­men ger­çek­le­ri­niň eder­men­li­gi, dür­li kyn te­bi­gy we ho­wa şert­le­ri­ni ýe­ňip, ýag­ny üm­mül­mez rus to­kaý­la­ry­ny, giň ga­zak säh­ra­la­ry­ny böw­süp ge­çen mer­da­na­ly­gy, at­la­ry­nyň ýyn­dam­ly­gy, duý­gur­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy hem-de üşük­li hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da «ja­dy­ly be­dew­le­riň sta­ha­now­çy­la­ry», «ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ryn­da tä­ze­lik­le­ri dö­re­di­ji be­ýik hal­kyň gah­ry­man­la­ry», «raý­daş­ly­gy, dost­lu­gy we ýe­ňiş­le­ri da­ba­ra­lan­dy­ry­jy se­net­kär­ler» diý­lip be­ýan edi­lip­dir. 1935-nji ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­da Ak­tel­pek Na­gy­mow bu ta­ry­hy ýö­ri­şe gat­na­şan­dy­gy üçin «Gy­zyl Ýyl­dyz» or­de­ni, al­tyn sa­gat, Hor­mat ha­ty bi­len sy­lag­la­nyp­dyr. Eder­men­li­giň, gaý­duw­syz­ly­gyň we gah­ry­man­çy­lyk­ly he­re­ket­le­riň ny­şa­ny hök­mün­de oňa «Aş­ga­bat – Mosk­wa at­ly ýö­ri­şi­ne gat­na­şan Ak­tel­pek Na­gy­mo­wa. 22.08.1935ý.» di­ýen ýaz­gy­ly ýa­dy­gär­lik sow­gat ber­lip­dir.
At­ly ýö­riş bi­len ady­gan Ak­tel­pek Na­gy­mow 1964-nji ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da ara­dan çyk­ýar. 1966-njy ýy­lyň 20-nji sent­ýab­ryn­da şol wagtky TSSR Ýo­ka­ry So­we­ti­niň Pre­zi­diu­my­nyň ka­ra­ry bi­len, ta­ry­hy wa­ka­la­ry ha­ty­ra­la­mak we jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy me­de­ni­ýe­tiň gül­läp ös­me­gi­ne aý­ra­tyn uly go­şant go­şan gör­nük­li jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­riň ady­ny ebe­di­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dog­duk oba­sy­na Ak­tel­pek Na­gy­mo­wyň ady da­kyl­ýar.
Ýur­du­myz­da ha­ly­pa-şä­girt­lik mek­de­bi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge uly go­şant go­şan, halk bi­len bag­ry ba­da­şan şah­sy­ýet­le­riň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni, ta­ry­hy hyz­mat­la­ry­ny öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, iş­le­ri ro­waç bol­sun!

Dädebaý Pälwanow,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.