Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda adam hakynda alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu alada ilkibaşda saglyk hem-de durmuş ugurlaryny gurşap alýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş pudagyna gönükdirilýär. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim, saglygy goraýyş ýaly pudaklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Hä­zir­ki gün­ler­de to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Il­deş­le­ri­mi­ziň ag­la­ba­sy zäh­met rug­sa­dy­na çy­kyp, göw­ne­jaý dynç al­mak hem-de sag­ly­gy­na se­ret­dir­mek, dür­li be­jer­gi­ler al­mak üçin Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp ke­na­ry­na ýa-da dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe bo­lan şy­pa­ha­na­la­ra gid­ýär­ler, şeý­le-de ýur­du­my­zyň gö­zel ýer­le­ri­ne sy­ýa­hat ed­ýär­ler.
Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak işin­de döw­re­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry bi­len bir ha­tar­da şy­pa­ha­na ul­ga­my hem ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de he­re­ket ed­ýän şy­pa­ha­na­lar­da sag­ly­gy­ny di­keld­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Ýy­lyň dört pas­lyn­da-da ol ýer­ler köp adam­ly. «Awa­za», «Arç­man», «Ýy­ly suw», «Ber­zeň­ňi», «Mol­la­ga­ra», «Fa­rap», «Baý­ra­ma­ly», «Da­şo­guz», «Ba­ga­bat» ýa­ly şy­pa­ha­na­lar hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gy­nyň iň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bu ýer­ler sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­mä­ge gel­ýän­le­re ýo­ka­ry de­re­je­de, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk hyz­mat et­mek­de äh­li müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry ne­ti­je­sin­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da hem-de ýur­du­my­zyň äh­li şy­pa­ha­na­la­ryn­da dynç al­mak hem-de sag­ly­gy­ňa se­ret­dir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän­le­re hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ry has-da go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, şol dö­wür­de ýo­lag­çy ulag­la­ryň tä­ze gat­naw ugur­la­ry açyl­dy.
Ja­na şy­pa­ly ho­wa­sy, aras­sa su­wy, al­tyn­sow çä­ge­si bo­lan Ha­za­ryň ke­na­ryn­da gys­ga döw­rüň do­wa­myn­da dö­re­di­len sa­gal­dyş-dynç alyş top­lu­my tiz wagt­da tä­ze de­re­jä eýe bol­dy. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bu gün özü­niň haý­ran gal­dy­ry­jy te­bi­gy land­şaf­ty, de­ňiz ak­wa­to­ri­ýa­sy, tä­sin gö­zel­lik­le­ri, ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­ha­na­lar top­lu­my, owa­dan des­ga­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär.
Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri adam­la­ryň deň­ziň ke­na­ry­na çyk­ma­gy bi­len, yn­san bi­len de­ňiz ara­syn­da­ky aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk eme­le ge­lip­dir. Ýer ýü­zü­niň üç­den iki bö­le­gi­ni eýe­le­ýän um­man­lar we de­ňiz­ler özü­ne aýaw­ly çe­me­le­şi­len­de on­dan peý­da­lan­ýan­la­ra di­ňe peý­da ge­ti­rip­dir. Deň­ziň adam sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän oňaý­ly tä­si­ri we ýa­ky­my Gün şöh­le­sin­de, deň­ziň eko­lo­gi­ýa taýdan aras­sa su­wun­da hem-de ho­wa­syn­da jem­len­ýär. De­ňiz su­wu­nyň ke­se­li be­je­ri­ji we sag­ly­gy di­kel­di­ji hä­si­ýet­le­ri ga­dy­my Mü­sür­de bel­li bo­lup­dyr. Te­bi­ga­tyň bir bö­le­gi bo­lan deň­ziň ber­ýän peý­da­sy­na göz ýe­ti­ren adam­lar onuň ke­na­ryn­da dür­li dynç alyş mer­kez­le­ri­ni gu­rup baş­lap­dyr­lar. De­ňiz­de su­wa düş­me­giň, ho­wa­syn­dan dem al­ma­gyň ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da­ky, be­jer­mek­dä­ki hem-de sag­ly­gy di­kelt­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni öw­ren­mek ba­bat­da alym­lar ta­ra­pyn­dan giň möç­ber­li yl­my-bar­lag iş­le­ri ge­çi­ri­lip­dir.
Go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dö­re­di­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy hem yn­san sag­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy ug­run­da­ky ala­da­nyň ny­şa­ny­dyr. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň bu gö­zel kün­je­gin­de gys­ga döw­rüň için­de gur­lan des­ga­lar – ka­şaň myh­man­ha­na­lar, sa­gal­dyş mer­kez­le­ri, kot­tej­ler hal­ky­my­zyň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rül­di.
Deň­ziň ser­gin ho­wa­sy, ke­sel­le­re em edi­ji su­wy, gyz­gyn çä­ge­li ke­na­ry dynç al­mak we sag­ly­gy­ny di­kelt­mek üçin bu ýe­re gel­ýän adam­lar­da ýa­kym­ly, aja­ýyp duý­gu­la­ry dö­red­ýär, şa­dy­ýan­lyk, şäh­da­çyk­lyk ba­gyş­la­ýar. Deň­ziň tol­kun­la­ry­ny syn­lap, ra­hat­lan­dy­ry­jy se­si­ne diň sal­mak, der­de der­man ho­wa­syn­dan gur­sa­gy­ňy dol­du­ryp dem al­mak ada­ma lez­zet ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bir wag­tyň özün­de dynç al­ýan­la­ryň 10 müň­den gow­ra­gy­ny ka­bul edip bil­ýän 18 sa­ny myh­man­ha­na, 8 sa­ny dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri, şol san­da 1380 orun­lyk ça­ga­lar dynç alyş mer­kez­le­ri hem-de 9 sa­ny kot­tej­ler top­lum­la­ry iş­le­ýär. Dynç al­ýan­la­ryň hyz­ma­tyn­da 4 sa­ny se­ýil­gäh bo­lup, olar­dan 2-si oýun att­rak­si­on­ly se­ýil­gäh­ler­dir. Umu­my meý­da­ny 83600 ine­dör­dül metr bo­lan teatr­laş­dy­ry­lan in­te­rak­tiw de­ňiz suw çüw­dü­rim­le­ri­ni, am­fi­te­at­ry, ça­ga­lar üçin att­rak­si­on­ly oýun meý­dan­ça­la­ry, köp­san­ly ka­fe­le­ri we res­to­ran­la­ry, gök zo­lak­la­ry, teh­ni­ki des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýan se­ýil­gäh­ler bu ýer­de dynç al­ýan­la­ryň iň söý­gü­li ýe­ri­ne öw­rül­di. Uzyn­ly­gy 7 ki­lo­metr, ini 50-den 70 met­re we çuň­lu­gy 4 met­re ýet­ýän «Awa­za» der­ýa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň iň iri we öz­bo­luş­ly des­ga­la­ry­nyň bi­ri­dir. Der­ýa­nyň aba­dan­laş­dy­ry­lan iki ke­na­ryn­da 28 sa­ny jem­gy­ýet­çi­lik iý­mit des­ga­la­ry (bu­fet­ler, ka­fe­ler, gä­mi du­ral­ga­ly açyk gör­nüş­li res­to­ran­lar) ýer­leş­ýär. Der­ýa­da ki­çi göw­rüm­li gä­mi­ler we ge­ze­lenç ka­ter­le­ri he­re­ket ed­ýär. Der­ýa­nyň üs­tün­de gur­lan köp­san­ly aja­ýyp köp­rü­le­riň her bi­ri öz­bo­luş­ly be­zeg na­gyş­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da 70-den gow­rak dür­li gör­nüş­li des­ga­lar, şol san­da sport des­ga­lar top­lu­my­na gir­ýän ten­nis meý­dan­ça­la­ry, bas­ket­bol, wo­leý­bol we mi­ni-fut­bol üçin meý­dan­ça­lar gu­rul­dy. Bu ýer­de suw sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tu­lan. Der­ýa­nyň iki ke­nar­ýa­ka­syn­da py­ýa­da we we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç eder ýa­ly ýö­ri­te ýo­da­lar ge­çi­ri­len. Dynç al­ýan­lar üçin der­ýa bo­ýun­ça gä­mi­li ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar.
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy hal­ky­my­zyň dynç al­ýan we sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän me­ka­ny­na, şeý­le hem mas­la­hat­la­ryň, du­şu­şyk­la­ryň, hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ryň, sport, me­de­ni we beý­le­ki çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di.
Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy ug­run­da döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik bol­sun, tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!