2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly geçirmek meýilleşdirilýär.
Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. 29-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.