Awstraliýada ýaşaýan endemik jandarlaryň biri bolan wombat daşyndan göräýmäge aýa ýa-da ullakan hamstere meňzeýär. Bedenindäki aýratynlyklara seredeniňde koala hem çalym edýär. Süýdemdirijileriň hordalylar görnüşine degişli bolan bu jandaryň bedeniniň uzynlygy 70-130 santimetre, agramy 20-45 kilograma ýetýär. Ullakan kelleli, çalymtyl-goňur sütükli, kiçijik gözli bu jandaryň keltejik guýrugy bar. Sagatda 40 kilometr tizlik bilen ylgap bilýän wombatyň bäş barmagynyň dördüsi ýiti dyrnakly bolup, ony ýer gazmakda peýdalanýar. Bu jandaryň görşi pesräk bolup, eşitmek we ys almak duýgusy has ösendir. Daşky howplardan goranmak üçin çaltlyk bilen agaja çykyp, suwa çümüp hem-de ylgap bilýär. «Tunel gazyjylar» adyny alan bu jandarlar ullakan hinleri gazýarlar we howp abanan ýagdaýynda hininiň agzyny gum bilen ýapyp goýýarlar. Wombatlar gündizine gaçybatalgalarda dynç alyp, gijesine awa çykýarlar. Olaryň esasy iýmiti otlaryň ter ýapragy bolup, käwagt ösümlik kökleri, kömelekdir miweler bilen hem iýmitlenýärler. Geň galmaly ýeri, bularyň iýmit alyş-çalşygy gaty haýal bolup, iýmit siňdirmegi üçin 14 gün gerek. Wombat düýeden soň suwsuzlyga iň çydamly süýdemdiriji hasaplanýar.
Wombatlar irki süýdemdirijileriň biri bolup, Awstraliýanyň gündogar we günorta sebitlerinde, Wiktoriýa, Täze Günorta Uels, Kwinslend we Tasmaniýa ştatlarynda dürli tebigy şertlerde ýaşaýarlar. Awstraliýanyň käbir fermalarynda «utanjaň jandarlar» öý haýwanlary hökmünde hem saklanýar.
Wombatlar barada
Wombatlar howp dörese, kellesi bilen süsmek arkaly özüni goraýar.
Wombatlaryň hem kengurularyňky ýaly çaga göterýän haltajygy bar.
«Tunel gazyjylar» uzynlygy 20 metre, ini 3 metre ýetýän ýerasty hinleri gazyp, maşgala bolup ýaşaýarlar.
Olaryň iýmit siňdirmegi üçin 14 gün gerek. Wombat uzak wagtlap iýmit siňdirmegi bilen tapawutlanýan ýeke-täk jandardyr. Bu jandarlar her gün 22 ml suw bilen oňup bilýärler.
Wombatyň iň ýakyn garyndaşy koala hasaplanýar.
Wombatyň bary-ýogy 4 dişi bar: ýokarky äňinde 2, aşaky äňinde 2 sany.
Täze Günorta Uels ştatynda bu jandaryň adyny göterýän Wombat şäheri bar.