Ýewropa Komissiýasy Ýewropanyň awtoulag pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen hereket meýilnamasyny taýýarlaýar. Ol 5-nji martda hödürlener. Ýokary energiýa bahalary, Hytaý bilen bäsdeşlik, elektroulaglara geçişiň çykdajylary we işgärleriň azaldylmagy – bularyň hemmesi Ýewropanyň awtoulag pudagyna täsirini ýetirýär. Bu näbelliligi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň täze administrasiýanyň gümrük haklaryny girizmek baradaky niýetleri häzirki ýagdaýy has-da çuňlaşdyrýar. Şeýle ýagdaýda Brýussel awtoulag pudagynda öňdebaryjy ýewropaly kompaniýalar bilen gepleşik geçirmäge çagyrdy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen esasy maksadyň Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalarynyň innowasiýa mümkinçiliklerini açmak üçin nämäniň ýetmeýändigini anyklamakdygyny aýtdy.
Bu barada Ýewropanyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň baş müdiri Sigrid de Wris şeýle diýdi:
-Biz Ýewropanyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplydygyna ynanmaly. Diňe şondan soň Hytaý we ABŞ bilen bäsleşip bileris. Ýene-de az wagtdan biziň hereket meýilnamamyz taýýar bolar, emma häzirlikçe bu diňe bir meýilnama. Bize hakyky hereket gerek. Bu hereket meýilnamasy Ýewropada ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýyrmak üçin hakykatdanam bir zat edilmegine sebäp bolar diýip ynanýarys.
Ýewropanyň awtoulag pudagyndaky 250-den gowrak kompaniýada 13 million adam işleýär. Her ýylda 15 million awtoulag öndürýän bu pudak Ýewropanyň jemi içerki önüminiň 7 göterimini emele getirýär. 5-nji martda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen hereket meýilnamasynyň hödürlemegine garaşylýar.
Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi 2035-nji ýyldan soň içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag öndürmegi bes etmek baradaky wadasyny ýerine ýetirip bilermi? Mundan başga-da, Hytaýyň elektroulaglaryna gümrük hakynyň girizilmegi Ýewropada jedel döredýär, sebäbi bu ýewropaly öndürijilerine-de täsir edýär. Indi Ýewropa Parlamenti bu meseleleriň hemmesinde umumy maksatnama işläp düzmeli bolar.