Ýewropa Bileleşiginde şu ýyl awtoulag satuwynyň ýokarlanmagyna garaşylýar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bu sebitdäki satuwlaryň düýpgöter azalmagyna sebäp boldy, ýöne Ýewropanyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň habaryna görä, ýagdaý ýakyn wagtda özgerip ugrar. Ýewropa Bileleşiginde awtoulag satuwynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 10% ýokarlanmagyna garaşylýar, bu bolsa, ýagdaýy düzetmek üçin ilkinji ädim bolar. Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň netijeleri belli bir derejede täsirini ýetirýär, ýöne ikinji çärýekde sanjym maksatnamalary durmuşa geçirilende awtoulag bazary janlanyp başlar.
Geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginde ýolagçy awtoulag bazary, takmynan, 23,7% azalyp, 9,9 million awtoulag satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 3 million azdyr. Şol bir wagtyň özünde, awtoulag pudagynda gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn 14,6 million adam işleýär, bu bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň ähli iş ýerleriniň 6,7% -ini emele getirýär.