Tailandyň we Nepalyň milli ýygyndy toparlary 17 ýaşa çenli ýetginjek zenanlar ýygyndylarynyň arasynda 10-njy Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlikden soň türkmen futbolçylarynyň garşydaşy hökmünde saýlandy. Onuň jemleýji tapgyry geljek ýylyň 30-njy aprelinden 17-nji maýy aralygynda Hytaýda geçiriler.
Jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin jemi 27 topar bäsleşer. Olar sekiz toparça bölünip, olaryň üçüsinde dört topar, bäşisinde bolsa üç topar çykyş eder.
Bijäniň netijesine görä, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary «F» toparça ýerleşdi. Bu toparçanyň duşuşyklary Tailandda geçiriler.
Beýleki toparçalaryň düzümi:
«A»: Filippinler, Malaýziýa, Täjigistan (öý eýesi), Siriýa;
«B»: Eýran, Liwan, Kuweýt, Saud Arabystany (öý eýesi);
«C»: Indoneziýa, Mýanma (öý eýesi), Mongoliýa, Makao;
«D»: Wýetnam (öý eýesi), Gonkong, Hytaý, Guam;
«E»: Awstraliýa, Singapur (öý eýesi), Demirgazyk Mariana adalary;
«G»: Hindistan, Özbegistan, Gyrgyzystan (öý eýesi);
«H»: Bangladeş, Hytaý Taýpeýi, Iordaniýa (öý eýesi).
Saýlama tapgyrynyň ähli duşuşyklary 2025-nji ýylyň 13 – 17-nji oktýabry aralygynda merkezi görnüşde, bir aýlawda geçiriler.
Her toparçanyň ýeňijileri jemleýji tapgyra çykarlar. Olar soňky tapgyrda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFC) dört ýygyndysyna goşular: KHDR, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Hytaý. Bu toparlar 2025-nji ýylda Marokkoda FIFA-nyň 17 ýaşa çenli ýetginjek zenanlar ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Dünýä çempionatyna bäsleşiksiz gatnaşmaga hukuk gazandylar. Netijede, bu ýaryşda ilkinji gezek 12 topar çykyş eder – bu öňki çempionatdan dört esse köpdür.