Gü­nüň tu­tul­ma­gy, ýyl­dy­ry­myň çak­ma­gy, älem­go­şa­ryň çyk­ma­gy we me­teo­ri­diň Ýe­re gaç­ma­gy ýa­ly te­bi­gy ha­dy­sa­lar ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu ha­dy­sa­la­ryň nä­dip ýü­ze çyk­ýan­dy­gy ba­ra­da adam­lar­da dür­li pi­kir­ler dö­räp, yl­my ga­ra­ýyş­lar we sel­jer­me­ler be­ýan edil­ýär. Şeý­le ha­dy­sa­la­ryň bi­ri hem Aýyň ýü­zü­niň tu­tul­ma­gy ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, Aý nä­dip tu­tul­ýar­ka? Bu ha­dy­sa nä­çe wagt­dan gaý­ta­lan­ýar­ka?

Bil­şi­miz ýa­ly, Gü­nüň da­şyn­dan äh­li pla­ne­ta­lar – Ýer, Mars, Ýu­pi­ter, We­ne­ra, Sa­turn, Mer­ku­riý, Uran we Nep­tun hal­ka­la­ýyn aý­lan­ýar. Pla­ne­ta­la­ryň äh­li­si­niň öz hem­ra­sy bar. Ýe­riň hem­ra­sy Aý bo­lup, gi­je­si­ne ýal­kym saç­ýan bu hem­ra pla­ne­ta­my­zyň da­şyn­dan aý­da (27,3 gün) bir ge­zek aý­lan­ýar. Ýer öz oku­nyň da­şyn­dan bir gi­je-gün­di­ziň (24 sa­gat) do­wa­myn­da bir ge­zek aý­lan­ýar. Şeý­le­lik­de, gün­diz we gi­je eme­le ge­lip, gün­di­zi­ne Gü­ni, gi­je­si­ne bol­sa Aýy gör­ýä­ris. As­lyn­da, Aý ýag­ty­lyk saçmaýar. Aý Gün­den gel­ýän şöh­lä­ni ser­pik­dir­me­gi ne­ti­je­si­nde bi­ze ýag­ty ýa­ly bolup gö­rün­ýär. Ýe­riň hem­ra­sy­nyň in­çe­jik Aý, ýa­rym Aý, do­lan Aý ýa­ly gör­nüş­de bol­ma­gy Aýyň he­re­ke­ti bi­len baglydyr.

7-nji sent­ýabr­da Aýyň ýü­zü­niň tu­tul­ma­gy ha­dy­sa­sy bo­lup geç­di. Bu ha­dy­sa dün­ýä­niň köp ýur­dun­da syn edil­di. Bu ge­zek­ki Aýyň tu­tul­ma­sy gy­zyl reňk­li bo­lup gö­rün­di. Şol se­bäp­li ast­ro­nom­lar oňa «gan­ly Aý tu­tul­ma­sy» di­ýip at berýärler. Bu ha­dy­sa 1 sa­gat 20 mi­nut tö­we­re­gi do­wam et­di.

Aý nä­dip tu­tul­ýar?

Bu ha­dy­sa Ýer Gün bi­len Aýyň ara­syn­dan ge­çen­de ýü­ze çyk­ýar. Ýag­ny Ýer Aýa düş­ýän Gün şöh­le­si­niň öňü­ni alyp, Aýa Ýe­riň kö­le­ge­si düş­ýär. Şeý­le­lik­de, as­man­da tä­sin gör­nüş eme­le gel­ýär. Aýyň tu­tul­ma­gy Aý fa­za­la­ry (Aýyň daş­ky gör­nü­şi) bi­len bag­ly bo­lup, kä­te Aý do­ly tu­tu­lyp ýi­tip gid­ýär, kä­te bol­sa bö­lek­le­ýin tu­tu­lyp, as­man­da dür­li şöh­le­ler eme­le gel­ýär. Aýyň ýü­zü­niň tu­tul­ma­gy üçin 3 şert ze­rur­dyr. Ola­ryň bi­rin­ji­si Aý do­ly fa­za­syn­da (dolan Aý) bol­ma­ly. Ikin­ji­si Gün, Ýer we Aý ha­ta­ra dü­zül­me­li. Üçün­jisi bol­sa, Aý Ýe­riň or­bi­ta­sy­nyň go­la­ýyn­da bol­ma­ly. Adat­ça Aý tu­tul­ma­sy­nyň ha­çan bo­lup geç­jek­di­gi­ni ast­ro­nom­lar öňün­den bil­ýär­ler. Aý tu­tul­ma­sy gyş pas­lyn­da pes gö­rün­ýär. Ýy­lyň beý­le­ki möw­süm­le­rin­de bol­sa bu ha­dy­sa­ny te­les­kop ulan­maz­dan syn­lap bol­ýar.

Aý tu­tul­ma­sy iň tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň bi­ri bol­mak­dan baş­ga-da, ýer­li ynanç­lar­da, dür­li me­de­ni­ýet­ler­de we däp-des­sur­lar­da bir za­dyň ala­ma­ty hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Bu te­bi­gy ha­dy­sa şu ýylda ha­sa­ba al­nan ikin­ji Aý tu­tul­ma­sy bo­lup, ola­ryň bi­rin­ji­si 13-nji mart­da bo­lup geç­di. Aý tu­tul­ma­sy 30 mi­nut­dan baş­lap,

3,5 sa­ga­da çen­li do­wam edip bil­ýär. Bu ha­dy­sa­nyň do­wam­ly­ly­gy Aýyň Ýe­riň kö­le­ge­sin­dä­ki ýo­lu­na we or­bi­ta­dan nä­de­re­je­de geç­ýän­di­gi­ne bag­ly­dyr.