1873-nji ýylyň 10-njy martynda Bakuda Mirza Fatali Ahyndzadeniň (Mirza Fatali Ahyndow) eseri esasynda ilkinji azerbaýjan sahna oýny “Lenkaran Hanyň weziriniň başyndan geçirenleri” köpçülige görkezilýär. Oýny žurnalist Hasan beý Zardabi hem-de ýazyjy, dramaturg Najaf beý Wazirow goýýar. Oýnuň edebi eseri Hijri 1267-nji ýylda (milady 1851-nji ýyl) ýazylypdyr. Oýnuň sahnada görkezilenini Ahundzade “Kawkaz” gazetinden okap bilipdir. Ondan has öň 1852-53-nji ýyllarda bu eser Tiflisde (Tbilisi) rus dilinde sahnalaşdyrylypdyr. Şol ýyllarda gazetde “Mirza Fatali Ahundowyň komediýalary” ady bilen bölekleýin çap edilipdir.
1882-nji ýylda Londonda eseriň Gaý Le Strenj hem-de W.H.D. Haggard tarapyndan terjime edilen iňlis dilindäki nusgasy çap edilýär. Eser 1928-nji ýylda azerbaýjan dilinde aýratyn kitap bolup çykýar.