Ýewropa Komissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanda saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Taraplar energiýa babatdaky hyzmatdaşlygyny artdyrmagy maksat edinýärler. Gepleşikleriň jemleri boýunça Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu möhüm resminama Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Ýewropa Komissiýanyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen tarapyndan gol çekildi.
Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça komissary Kadri Simson Azerbaýjanyň Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz ibermegini ýokarlandyrandygyny belläp, bu depginiň saklanyp galjakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, şu ýyl Azerbaýjandan Ýewropa ýurtlaryna goşmaça 4 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler, 2027-nji ýyla çenli bolsa, tebigy gazyň iberilýän möçberiniň 2 esse artmagyna garaşylýar.
Maglumatlara görä, Günorta Gaz geçelgesiniň (TANAP) Ýewropa şahasynyň (TAP) ýyllyk geçirijilik kuwwaty 10 milliard kubmetre barabar. Geçen ýyl bu geçiriji arkaly 8 milliard kubmetr gaz akdyryldy. Bu ýyl jemi 12 milliard kubmetr tebigy gazyň Ýewropa iberilmegi göz öňünde tutulýar. Täze ylalaşygyň netijesinde gaz geçirijiniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Netijede, 2027-nji ýyla çenli Azerbaýjandan Ýewropa ýylda 20 milliard kubmetr gaz iberiler.