Kambojanyň Premýer-ministri Hun Manet “TripAdvisor” amerikan web-saýty tarapyndan Angkor Wat arheologik ýadygärliginiň 2025-nji ýylda Aziýanyň iň özüne çekiji syýahatçylyk ugry diýlip ykrar edilendigini habar berdi. Premýer-ministr “TripAdvisor” web-saýtynyň saýlan Aziýanyň iň gowy 20 syýahatçylyk merkeziniň sanawyny jemgyýetçilik torundaky öz sahypasynda goýdy.
Angkor-Wat ýadygärligi Siemreap welaýatynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän ÝUNESKO-nyň sanawyndaky Angkor arheologik seýilgähindäki esasy ybadathanalardan biridir. 401 inedördül kilometr meýdany öz içine alýan seýilgähde IX-XIII asyrlaryň arasynda gurlan 91 sany gadymy ybadathana bar.
Günorta-Gündogar Aziýanyň iň meşhur syýahatçylyk mekany bolan gadymy seýilgäh, 2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda jemi 618,771 daşary ýurtly syýahatçyny özüne çekdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,8 göterim köpdür. Bu barada döwlete degişli “Angkor Enterprise” kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar.
Hasabata görä, bu web saýt şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda petek satuwyndan 28,6 million dollar girdeji gazanyp, bu mukdar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim köpdir.