Bü­tin­dün­ýä azyk önüm­le­ri­niň ba­ha­la­ry üç aý bäri yzygiderli pe­sel­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (FAO) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, azyk önüm­le­ri­niň ba­ha­la­ry­nyň in­dek­si no­ýabr aýyn­da 125,1 bal bo­lup, okt­ýabr aýyn­da­ky­dan 1,2% aşak düş­di.
Şe­ke­riň, süýt önüm­le­ri­niň, ösüm­lik ýa­gy­nyň, guş eti­niň ba­ha­sy pe­se gaç­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Bi­ler­men­ler bu ýag­da­ýy esa­sy eks­port se­bit­le­rin­de önüm­çi­li­giň art­ma­gy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar.
Ösüm­lik ýa­gy hem 2,6% ar­zan­la­dy. Bu, esa­san, pal­ma, gü­ne­ba­kar, ra­pis we so­ýa ýag­la­ry­nyň ba­ha­la­ry­nyň aşak­la­ma­gy­nyň ha­sa­by­na bol­dy. Mu­nuň se­bä­bi Ma­laý­zi­ýa­da ýag­la­ryň soň­ky 20 aý­da­ky iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ten uly äti­ýaç­lyk­ gorla­ry­nyň bol­ma­gy­dyr.
FAO-nyň azyk ba­ha­la­ry­nyň in­dek­si bäş esa­sy ka­te­go­ri­ýa­ny öz içi­ne al­ýar: dä­ne önüm­le­ri, ösüm­lik ýag­la­ry, et, şeker we süýt önüm­le­ri. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ba­zar­la­ryn­da­ky or­ta­ça eks­port ba­ha­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýär, şo­nuň üçin hem ol dü­kan­da­ky azyk önüm­le­ri­niň ba­ha­sy­na gös-gö­ni tä­sir et­me­ýär. Lo­maý we bö­lek ba­ha­lar ulag çyk­da­jy­la­ry, sal­gyt, wal­ýu­tanyň hüm­me­ti, içer­ki ba­zar­da­ky ýag­daý ýa­ly tä­sir­le­re bag­ly­dyr.