Birleşen Arap Emirlikleri 2030-njy ýyla çenli 100 million mangrow agajyny ekmek üçin giň gerimli daşky gurşaw başlangyjyny ýola goýdy diýip, ýurduň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw işleri boýunça ministrligi habar berdi.
Taslamanyň maksady kenarýaka sebitleriniň howanyň üýtgemegine çydamlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem deňiz ösümlikleri we haýwanat dünýäsi üçin amatly şert döretmekdir. Bu başlangyjyň çäginde pilotsyz uçarlaryň kömegi bilen, eýýäm, 30 milliondan gowrak nahal oturdyldy. Mälim bolşy ýaly, mangrow agaçlary deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna we global ýylylygyň täsirine garşy tebigy «galkan» hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, uglerody özüne siňdirmek we muny tropiki tokaýlardan 4 esse gowy berjaý etmek üçin ajaýyp ukyby bar. Olar köp sanly deňiz jandarlarynyň öýi bolup, ekologik deňagramlylykda möhüm rol oýnaýarlar.
BAE halkara derejesinde 45 ýurdy we guramany özüne birleşdirýän «Mangrove Alliance for Climate» (MAC) başlangyjyny öňe sürýär, şeýle hem Indoneziýadaky Muhammet bin Zaýed we Joko Widodo adyndaky halkara Mangrow barlag merkezini maliýeleşdirýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda Abu-Dabide halkara tebigaty goramak bileleşiginiň (IUCN) howandarlygynda tebigaty goramak boýunça Bütindünýä kongresi geçirilip, onuň esasy maksady mangrow ekoulgamlaryny gorap saklamak bolar.